Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan, german resmileri ABŞ-ny Ýadro ylalaşygynda saklap galmak üçin tagalla edýärler


Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmaýer
Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmaýer

Britaniýanyň we Germaniýanyň ýokary derejeli resmileri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygynda saklamak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler.

Britaniýanyň ABŞ-däki ilçisi Kim Darroç Trampyň Ylalaşyk bilen bagly aladalanmalaryny göz öňünde tutup, onuň Ylalaşykdan çykmagynyň öňüni almak mümkinçiliginiň heniz hem saklanyp galýandygyna ynanýandygyny aýtdy.

Ýadro ylalaşygy prezident Barak Obama döwründe baglaşylyp, ol Eýranyň ýadro programmasyny togtatmagynyň öwezine, Tährana garşy girizilen sanksiýalar babatynda käbir ýeňillikleri göz öňünde tutýar.

Emma, Tramp Ylalaşygyň şertleri bilen hoşal däldigini, şeýle-de Eýranyň Ýakyn Gündogardaky harby hereketleri goldap we ballistik raketalarynyň synaglaryny geçirip, Ylalaşygyň ruhuna garşy hereket edýändigini aýdýar.

Tramp, eger-de ýewropaly ýaranlary onuň “elhenç kemçiliklerini” 12-nji maýa çenli düzetmeseler, ABŞ-nyň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykjakdygyny aýdyp, haýbat atdy.

Bu aralykda, Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Şteýnmaýer Ylalaşyk bozulan halatynda agyr netijeleriň döräp biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG