Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Aşgabat-2017" oýunlarynyň ýeňijilerine gowşurylan ‘Toýotalaryň’ käbiri yzyna alyndy


Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş eden türkmen pälwanlary. Illýustrasiýa suraty

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolan käbir türkmenistanly türgenleriň baýraklary yzyna alyndy.

Читайте также на русском

Ýatladyp geçsek, Türkmenistany soňky 1-2 ýylyň dowamynda ykdysady ysgynsyzlygyň basmarlaýan wagty, geçen ýylyň sentýabr aýynda türkmen hökümeti milliardlarça dollar harçlap, paýtagtda halkara sport çäresini gurnady. Ýurduň döwlet mediasynda, 10 günläp dowam eden sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolan türkmenistanly türgenlere gymmatbahaly sowgatlaryň, şol sanda “Toyota Camry GL Executive” kysymly ýeňil awtoulagyň gowşurylandygy mahabatlandyrylyp habar berlipdi.

Ynha, şol gürrüňi edilýän ýeňil awtoulaglar käbir türgenlerden yzyna alyndy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy azyndan üç türgeniň mynasyp bolan sowgatlarynyň häkimiýetler tarapyndan Aziýadanyň yzýany yzyna alnandygyny habar berdi.

“Azyndan üç türgeniň ýeňil awtoulagy baryp, oktýabr aýynda, sowgatlaryň dabaraly gowşurylmagyndan birnäçe gün geçensoň yzyna alyndy. Asyl olara heniz ulag sowgat berlen wagty, “Häzirlikçe ulanmaň!” diýlip aýdylypdyr. Aradan az salym geçensoň, Häkimligiň işgärleri Howpsuzlyk gullugynyň wekilleri bilen gelip, maşynlary yzyna alyp gitdi. Sowgatlary döwlet tarapyndan yzyna alnan türgenlere: “Soranlara ‘ulagymy satdym’ diýiň!” diýip, tabşyrypdyrlar. Bular diňe meniň anygyna ýetenlerim” diýip, Azatlygyň habarçysy ýurduň içinden habar berdi.

Sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolup, gymmatbahaly sowgatlara mynasyp görlen, ýöne dabaranyň yzýany sowgatlary döwlet tarapyndan yzyna alnan sport türgenleriniň atlary Azatlykda bar, ýöne redaksiýa olary çap etmekden saklanýar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy sport bäsleşiginde ýeňiji bolan bir türgeniň goňşusy bilen habarlaşanda, ol hem goňşusyna gowşurylan awtoulagyň häkimiýetler tarapyndan yzyna alnandygyny aýtdy.

“Pälwanlara berlen maşyny aradan iki-üç gün geçmänkä kostýum-jalbarly 6-7 adam gelip, yzyna alyp gitdiler. Olara: “Maşyny soran-idän bolsa, ‘satdym’ diýiň!” diýip, tabşyrypdyrlar” diýip, türgeniň duldegşir goňşusy gürrüňdeşlikde aýtdy.

Mundan ozal, ýanwaryň aýagynda-da şuňa meňzeş habarlar peýda bolup, ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan beýleki käbir türgenleriň netijeleriniň ýatyrylandygy, olaryň medallarynyň yzyna alnyp, hatda käbirleriniň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi habar berlipdi.

Şonda Azatlygyň biri-birinden garaşsyz ençeme çeşmesi dopinge garşy garaşsyz komitetiň geçiren barlaglaryndan soň, göreş boýunça bäsleşen azyndan dört pälwandan gadagan edilen kuwwatlandyryjynyň tapylandygyny tassyklapdy.

Geçen ýylyň 17-nji – 27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Oňa türkmen häkimiýetleri döwlet derejesinde ýokary taýýarlyk gördi. Üstesine, ýurtdaky ykdysady krizisiň ýitelmegi bilen, agzalýan çäreleriň käbir çykdajylarynyň telekçileriň we býujet işgärleriniň gerdenine atylandygy barada Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmeleri we habarçylary telim gezek maglumat taýýarlapdy.

Azyndan 7 milliard dollar harçlanyp gurnalandygy öňe sürülýän “Aşgabat-2017” oýunlarynda türkmen türgenleri jemi 245 medal, 89 – altyn, 70 – kümüş we 86 – bürünç medal aldy.

Ýaryşlar tamamlanansoň, türkmen metbugatynda altyn medala mynasyp bolan türgenlere prezidentiň adyndan “Toyota Camry GL Executive” kysymly ýeňil awtoulagyň gowşurylandygy, şeýle-de kümüş medal alan türgenleriň 5 müň dollar bilen, bürünç medala mynasyp bolan ýeňijileriň 3 müň dollar bilen sylaglanandygyny habar berlipdi.

Azatlyk Radiosynda beýleki türgenleriň sylaglarynyň ykbaly barada maglumat ýok.​

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG