Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda suw ölçeýjileri oturtmak hasam kynlaşdy


Aşgabadyň gür ilatly Parahat etrapçalarynyň biri (illýustrasiýa)
Aşgabadyň gür ilatly Parahat etrapçalarynyň biri (illýustrasiýa)

Türkmenistanda suw üpjünçiligi tölegli edileli bäri, ilatyň sarp edýän suwuny ölçemek boýunça gurallaryň köpçülikleýin oturdylmagynyň häkimiýetler tarapyndan talap edilýän wagtynda ýaşaýjylarynyň gurallary satyn alyp oturtmagy hasam kynlaşdy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary gürrüň berýärler.

Читайте также на русском

“Iň erbet ýeri, bu olary hasaba goýdurmak prosesidir. Adam wodokanalyň edarasyna barýar. Ony laboratoriýa ugradýarlar, ol ýerden guraly satyn almak üçin Daşoguz bazaryna ugradýarlar, soň gaýtadan laboratoriýa. Ondan soň “Etalon merkezine” salgy berýärler, ol ýerde-de pasportyň esasynda diňe kwitansiýa ýazyp berýärler we ony tölemek üçin Teke bazaryndaky Türkmenbaşy bankyna ugradýarlar”, diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Bu täze edaranyň binasy Bereket bazarynyň golaýynda ýerleşýär. Etalon merkezi ölçeýji gurallaryň hili baradaky dokumentleriň tehniki talaplara laýykdygyny barlamaly. Emma Azatlygyň habarçysy, häzirki wagtda edaranyň diňe kwitansiýa ýazyp berýändigini aýdyp, ýaşaýjylaryň ony diňe takyk bir bankda töländen soň ölçeýjileri öz öýlerinde oturtmak üçin ýene-de gaýtadan wodokanala ýüz tutmalydygyny belledi.

​“Teke bazarynda menden 13.23 manat aldylar. Indi ýene-de wodokanalyň laboratoriýasyna barmaly. Ol ýerde laboratoriýasynda suw ölçeýjileri barlatmak üçin resmi kagyz almaly we Halk bankynda töläp gaýtmaly. Diňe şondan soň 50 manat töläp, sçetçigi öýüňde oturdyp bolýar” diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi. Onuň sözlerine görä, agzalan edaralar dynç günleri işlemeýär. Işleýän adamlara ölçeýjileri oturtmak üçin işinden rugsat almak hem kyn bolýar, şol bir wagtda-da, jerime gitdigiçe köpelýär.

"Ölçeýjileri oturtmadyk maşgalalara aprelden başlap 2017-nji ýylyň noýabryndan bärki döwür üçin jerime salyp başladylar. Plan jaýlara 156 manatdan, köp gatly jaýlardaky öýlere 70-80 manat möçberinde" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan aşgabatlylaryň gürrüň bermegine görä, ýurtda ilatyň sarp edýän suwuny ölçemek üçin gurallaryň köpçülikleýin oturdylmagy, ýerli ýaşaýjylary ozalky ýyllarda ulanylan suw üçin hem töletmek boýunça çäreler bilen bilelikde amala aşyrylýar.

“2016-nji ýylda wodokanal adamlardan 35-50 manat möçberinde mejbury töleg alanda 2015-nji ýyl üçin hem alypdy. Muňa garşy çykmak peýdasyzdy, sebäbi tölemeseň hiç bir zerur sprawkany bermeýärler. Soň 2017-nji ýylda sçetçikleri goýmaga mejbur edip başladylar. Bu işe öý dolandyryş edaralaryny hem çekdiler we olara ölçeýjileri oturtmadyk adamlara zerur sprawkalary, şol sanda maşgalanyň düzümi hakyndaky 'forma 3' sprawkasyny berdirmediler. Şol nyrhlar hiç ýerde çap edilmedi, sorasaň ‘prezidentiň tabşyrygyna’ salgylandylar, emma kagyz ýüzünde ony görkezmediler” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy habar berdi.

Maglumat ýetmezçiligi bar zady kynlaşdyrýar

Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, suw ölçeýjileri oturdýan edaralar gurallary oturtmagyň tertibi we bahalary barada ilata hiç hili maglumat bermeýärler, hiç ýerde çap etmeýärler. Türkmenistanda suwa tölegleriň girizilmegi bilen hökümetiň sarp edilýän suwy hasaba almak boýunça kararynyň durmuşa geçirilişi barada ýurduň media serişdelerinde hem habar berilmeýär.

“Edaralarda talap edilýän dokumentleriň düzümi barada ilata habar berenoklar. Meselem, baranyňda arzaňy we pasportyň iki nusgasyny talap edýärler, emma muny öňünden duýdurmaýarlar. Baran ýeriňde nusgany edip bermeýärler. Netijede, soň ýene gaýtadan barmaly bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar. Onuň sözlerine görä, ölçeýjileriň näsaz bolup çykýan pursatlary hem seýrek däl, şeýle ýagdaýda adamlar tutuş prosesden gaýtadan geçjek bolup ýene kösenmeli.

Ölçeýjiler ýene gymmatlady

Şu günli gün Aşgabatda ölçeýjileriň bahasy ýene gymmatlap, 370 manada ýetipdir. Azatlygyň ýerli habarçylary suw ölçeýjileriň häzir esasan 11-nji etrapçadaky Daşoguz bazarynda satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar. Mundan öň suw ölçeýjileriň nyrhy aprel aýynda hem gymmatlapdy we 200 manada barabar bolupdy.

Türkmenistanda suw ölçeýji gurallaryň bahasy we olary oturtmagyň nyrhy suwuň, gazyň we elektrik togunyň tölegli edilmeginiň yzýany hasam güýçlenipdi.

2017-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda ilata suwy, gazy we togy mugt bermek düzgüni doly ýatyryldy.

Türkmenistanyň ýolbaşçysy ilat üçin ýeňillik hökmünde 1990-njy ýyllarda girizilen suwuň, gazyň we toguň mugtçulygyny ýatyrmak barada öz kararyny geçen ýylyň tomsunda yglan edip, sosial ýeňillikler sistemasyny “doly derejede netijesiz” diýip yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG