Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köne turbalaryň ýarylmagy dowam edýär, Parahat -7-ni ýene gazdylar


Aşgabat, Parahat -7, ýanwar, 2018.
Aşgabat, Parahat -7, ýanwar, 2018.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň şäheriň dürli künjeklerindäki jaýlary ýumrulyp, mejbury göçürilip getirilen ýeri bolan Parahat-7-niň köp gatly jaýlaryna çekilen suw we lagym turbalarynyň ýarylmagy dowam edýär.

“Şu ýyla geçip 19-njy, 20-nji hem-de 21-nji jaýlaryň öňleri azyndan 4 gezek dagy gazyldy” diýip, bu etrapçanyň ýaşaýjysy, 73 ýaşly pensioner Ata aga Azatlyk radiosyna aýtdy.

Bu ýerde gurlanyna 6 ýyla golaý wagt bolan köp gatly jaýlara olary bina edenArkaçgurluşyk önümçilik birleşiginiň işgärleri tarapyndan çüýrük turbalar çekilipdir. Parahat-7-niň jaýlarynda ýaşaýan ýaşaýjylar ol turbalaryň häli-şindi ýarylyp durmagyndan örän kösenýär diýip, Ata ag sözüniň üstüni ýetirdi.

Ata aganyň aýtmagyna görä, jaýlara gurluşyk döwründe goýulmaly täze turbalar Arkaçgurluşyk önümçilik birleşigniň işgärleri tarapyndan ogurlanyp satylyp, täze gurlan jaýlara turma çekmekde niredendir bir ýerden goparylan köne, çüýrük turbalar ulanylypdyr.

Ýere gömlen çüýrük turbalar göze ilmedik bolsa-da, jaýlar ulanmaga kabul edilende, kabul ediş toparynyň agzalarynyýerzeminlerden geçirilen suw we lagym turbalarynyň çüýrük turbalardygyny gören bolmaly.

Emma häkimlikleriň Aşgabat şäherniň Berkararlyk etrap ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň kabul ediş toparyna gatnaşdyrylan işgärleri, näme üçindir, bu nogsanlyklara göz ýumup, jaýlary ulanmaga rugsat beripdir.

Şol topara girizilen jogapkär işgärler häzirem ýaşaýyş jaý ulanyş trestinde işläp ýörler. Emma jaýlarda häli-şindi turbalaryň ýarylyp, ýerzeminlere hapa suwlaryň akyp ýatmagy, turbalar ýarylanda ýaşaýjylaryň suwsuz, ýyladyş sistemasyz galmaklary welin, şu günki gün hem bu işgärleri alada goýanok. Olar, hamana, bu nogsanlyklary görmeýän ýaly, olary düzetmek barada hem alada edip baranoklar diýip, Ata aga sözüni dowam etdirdi.

Ýarylan turbalar şol durşyna dur. Olaryň haçan bejeriljegini bilýän adam ýok. Tomus geçip, güýzde ýyladyş sistemasyny işletmeli bolan wagty, belki, ýarylan turbalary bejermek ýatlaryna düşse-de düşer. Ýöne ol wagt sowuk howada turbalar bejerilýänçä ýaşaýjylar ýene-de birnäçe gün kösener.

Turbalary häzirden bejerip goýmak barada ýaşaýjylar näçe gezek ýüz tutsalar-da, Parahat-7-niň 7-nji ýaşaýyş jaý müdirligi bu işi ýerine ýetirmedi. Turbalaryň ýarylyp, ýerzeminlere gyzgyn suwyň akýandygy, otaglarda sowuk bolýandygy barada ýaşaýyş jaý trestiniň ýolbaşçylary hem, häkimligiň işgärleri hem ýaşaýjylar tarapyndan habarly edildiler. Emma bu mesele çözülmän, täze ýyla galdyryldy.

Häzir 19-njy jaýa girýän turbalar daş ýüzünde ýarylyp, ony bejermäge gelenlerinde hem, ýüzugra 19-njy jaýyň ýerzeminlerinde ýarylan turbalar bejerilmän galdy. Ýaşaýjylaryň bu barada ýatlatmalary bolsa jogapsyz galdy diýip, Ata aga aýdýar.

Jaýlaryň öňündäki turbalaryň häli-şindi ýarylmagy netijesinde ony bejermek üçin uly hem çuň çukurlaryň gazylmagy, agyr tehnikalaryň işledilmegi hem ýaşaýjylar üçin bir topar närahatlyk döredýär we ýaşaýjylar bu ýagdaýdan örän nägile bolýarlar. Bu çukurlar mekdebe gatnaýan okuwçy çagalar üçinemhowply ýagdaýlary döredýär diýip, çagalaryň ene-atalary zeýrenýär.

Çukurlar gazylyp, ondan çüýräp giden köne turbalaryň goparylyp zyňylyşyny göreniňde bolsa, jaýlar gurlanda oňa çekilen turbalaryň hakykatdanam köne, uzak ýyllar ulanylan çüýrük turbalar bolandygyna gözüň ýetýär diýip,ýaşaýjylar aýdýarlar.

Mundanam başga, her gezek turbalar çalşylanda jaýlarda agyz suwy kesilip, ýyladyş sistemalary öçürilýär; adamlar azyndan bir-iki gün kösenýär, sebäbi turbalar bejerilenden soň hem birnäçe wagtlap turbalardan sary, posly suw akýar, ony ulanar ýaly däl diýip, ýaşaýjylar gürrüň berýär.

XS
SM
MD
LG