Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen talyplary: Nagt däl hasaplaşyklardan soň kartlar wagtlaýyn petiklenýär


Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlaryň kafedir restoranlarynda ýa-da söwda dükanlarynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyran türkmenistanly studentleriň bank kartlaryny wagtlaýyn petiklenýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki çeşmelerimiz habar berýär.

“Biz kafede bank kartymdan bir gezekde 3000 rubl möçberindäki tölegi töledik. Şondan soň meniň kartymy bir hepdelik petiklediler. Şonda ne bankomatlardan nagt pul alyp boldy, ne-de söwda dükanlarynda nagt däl hasaplaşyklary amal edip boldy. Soňra biz özümiziň Türkmenistandaky bankymyz bilen habarlaşdyk. Bize munuň kafede bir gezekde amala aşyran nagt däl hasaplaşygymyz bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar” diýip, türkmenistanly talyp Azatlygyň Orsýetdäki çeşmesine gürrüň berdi.

Çeşmämiziň tassyklamagyna görä, bu ýagdaýa başga-da ençeme türkmenistanly student duş gelip, olar häzir munuň bilen bagly naharlanmak, umumy ýaşaýyş jaýynyň töleglerini öz wagtynda tölemek ýaly dürli maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärler.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan başga bir türkmen talyby bolsa, özi Türkmenistanda mahaly, bank kartynyň Orsýetdäki dostlary tarapyndan ulanylandygy sebäpli türkmen bankynyň öz kartyna pul geçirip bermeýändigini gürrüň berdi.

“Men dynç alyşda Orsýetden Türkmenistana dolananymda, bank kartymy ýadyndan çykaryp, okaýan ýerimde goýup gaýdypdyryn. Şonda Orsýetdäki dostlarym dükanda meniň kartym bilen 3 dollarlyk söwda edýärler, bir guty ýumurtga we üç çörek satyn alýarlar. Men Orsýete dolananymda kartymdaky bar puly sowup gutaranymdan soň, ejem-kakam kartyma pul geçirmek üçin banka barýar. Şonda Türkmenistanyň bank işgärleri olara meniň kartymyň petiklenendigini aýdyp, kartyma pul geçirip biljek däldiklerini aýdýarlar. Başga-da düşündiriş bermeýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran türkmen talyby aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şondan bäri türkmen banklary studentiň ne bank kartyna pul geçirip berýärler, ne-de onuň ene-atasynyň “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy arkaly ibermek isleýän pul serişdesini kabul edýärler.

“Indi näme etmeli? Okuwymy ýarym edip, taşlap gidäýmesem başga alajym ýok” diýip, türkmen talyby şeýle ýagdaýy başdan geçiren talyplaryň sanynyň az däldigini, ýöne olaryň käbiriniň bank işgärlerine para berip, öz kartlaryny gaýtadan açdyrýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Soňky aýlarda daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen talyplarynyň Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartynda bar bolan puluny nagtlaşdyryp bilmän, okaýan ýurtlarynda dürli maliýe kynçylyklaryna sezewar bolýandygy barada ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýar.

Geçen aýyň ahyrynda daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplary prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, Azatlyk Radiosyna ýörite ses ýazgy ugratdylar. Olar öz ýüzlenmesinde bank kartlaryndan hiç hili söwda edip bolmaýandygyny, özlerinde çörek almaga-da puluň ýokdugyny aýdyp, türkmen liderinden bank kartlaryny açyp bermegi soradylar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilýän meseler dogrusynda Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Türkmenistanyň Daýhan banky bilen habarlaşanda, bu maglumaty ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly talyplaryň öz bank kartlaryndaky puldan peýdalanmakda sezewar bolýan kynçylyklary hem-de munuň olaryň okuwyna we durmuşyna ýetirýän täsirleri barada türkmen mediasynda häzire çenli mesele gozganman gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG