Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebitiň bahasy 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi


Eýranyň Pars aýlagynda ýerleşýän Hark adasyndaky nebitgeçirijileri
Eýranyň Pars aýlagynda ýerleşýän Hark adasyndaky nebitgeçirijileri

Nebitiň bahasy 2014-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň ýokary derejesine ýetdi. Bu waka maýa goýumçylar Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Eýranyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyny bes etmek ýa-da dowam etmek barada geljek kararyna taýýarlyk görýän mahaly boldy.

8-nji maýda Trampyň Waşington wagty bilen günortan sagat 2-de öz kararyny mälim etmegine garaşylýar. Maýa goýumçylaryň aglabasy onuň Birleşen Ştatlary 2015-nji ýylda gelnen ylalaşykdan çykarmagyna garaşýarlar. Eger bu hereket amala aşsa, onda bu Birleşen Ştatlaryň Eýranyň nebit pudagyna we merkezi bankyna garşy sanksiýalaryny gaýtadan güýje girizer.

Birleşen Ştatlaryň 2016-njy ýylda Eýranyň ýadro işjeňligini çäklendirmek arkaly ýatyrylan sanksiýalary gaýtadan güýje girizmegi dogrusyndaky aladalanmalar, 7-nji maýda Nýu-Ýorkda nebitiň bir barreliniň 2014-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek 70 amerikan dollaryndan satylmagyna getirdi.

Ýöne maýa goýumçylar Trampyň kararynyň nebit bazaryna ýetirjek täsirinden alada edýän mahaly, Eýranyň Nebit ministrligi Birleşen Ştatlar agzalýan ylalaşykdan yza çekilse-de, özüniň nebiti akdyrmagy we onuň eksportyny dowam etdirjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG