Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa maliýe ministriniň wezipeden çekilendigini tassyklady


Serbiýanyň maliýe ministri Duşan Wuýowiç
Serbiýanyň maliýe ministri Duşan Wuýowiç

Serbiýanyň hökümeti ýurduň maliýe ministri Duşan Wuýowiçiň öz şahsy ýagdaýlaryna salgylanyp, wezipeden çekilmek baradaky arzasyny 7-nji maýda ýazandygyny tassyklady.

8-nji maýdaky beýanat, Serbiýanyň “Blic” gazeti we “N1” telewideniýesi Wuýowiçiň wezipeden çekilmeginiň sebäbini jikme-jik beýan edýän arzasyny premýer-ministr Ana Brnabiçe berendigini habar berenden bir gün soň ýaýradyldy.

“N1” telewideniýesi Wuýowiçiň öz wezipesinden çekilmek baradaky kararyny 8-nji maýda ýurduň parlamentine mälim etjekdigini habar beripdi.

“Bir adamyň jemgyýetçilikde öz pozisiýasyny mälim etmegi üçin dört ýyl ýeterlikli” diýip, Wuýowiçiň Brnabiçe ýazan hatynda belländigini “N1” telewideniýesi nygtaýar.

Halkara walýuta fondunyň (HWF) missiýasy Serbiýanyň reformalar geçirmegini we ykdysady ösüşini güýçlendirmäge gönükdirilen täze goldaw programmasy boýunça gepleşiklere başlamak üçin 7-nji maýda Belgrada bardy.

XS
SM
MD
LG