Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni oppozision lideri ýurduň nobatdaky premýer-ministri saýlandy


Ermenistanyň oppozision lideri Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň parlamenti sesleriň 59-42 gatnaşygy bilen protest lideri Nikol Paşiniýany premýer-ministr wezipesine saýlady.

8-nji maýda geçen ses berişlikden öň häkimiýet başyndaky Respublikan partiýanyň parlamentdäki fraksiýasynyň başlygy Wahram Bagdasariýan bu partiýanyň Paşiniýany 11 ses bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Читайте также на русском

Paşiniýan 8-nji maýda ses berişligiň öňýanynda, kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda Ermenistanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiniň agzasy bolup galjakdygyny, şeýle hem Ermenistanda harby baza saklaýan Orsýet bilen özara harby hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini belledi.

Ol parlamentde şeýle diýdi: “Orsýet bilen bolan ýaranlyk gatnaşyklary dostluga, deň hukuklyga, problemalaryň çözgüdi iki taraplaýyn islege daýanmaly. Biz Orsýet bilen bolan harby hyzmatdaşlyga Ermenistanyň howpsuzlygy üçin esasy faktor diýip garaýarys”.

Paşiniýan şeýle hem Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi, Eýran, Gürjüstan, Hytaý we Hindistan bilen hyzmatdaşlygy hem “işjeň ösdürmegi” wada berdi.

Azerbaýjanyň separatistik Daglyk-Garabag regiony sebäpli Baku bilen uzak wagt bäri barýan dawa barada hem Paşiniýan özüniň parahatçylykly “halklaryň deň hukuklygyna we öz ykbalyny özi kesgitlemegine esaslanýan” çözgüt üçin gepleşige taýýardygyny bildirdi.

Ýöne Paşiniýanyň aýtmagyna görä, dawa barada Azerbaýjanyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikler regiona kontrollyk edýän etniki ermeniler “gatnaşdyrylmasa, netijeli ýa hemmetaraplaýyn bolup bilmez”.

8-nji maýda Paşiniýan bilen beýleki kanun çykaryjylar parlamentde çykyş eden mahaly, Ýerewanyň merkezi Respublika skwerine müňlerçe adam ýygnandy.

On müňlerçe adam hem 7-nji maýda özleriniň Paşiniýany goldaýandyklaryny görkezmek maksady bilen Ýerewanda geçen köpçülikleýin üýşmeleňlere goşuldylar.

Kiçeňräk oppozision partiýanyň başlygy bolan Paşiniýan 1-nji maýda parlamentde geçen ses berişlikde premýer-ministrlige saýlanardan 8 ses az getirdi. Ýöne 2-nji maýda geçirilen umumy iş taşlaýyşdan soňra Respublikan partiýanyň ýolbaşçylary ony goldajakdyklaryny aýtdylar.

Paşiniýan 8-nji maýda Respublikan partiýa premýer-ministrlik üçin özüne ses bermän halatynda ýene bir umumy iş taşlaýşy ýola goýjakdygyny aýdyp haýbat atdy.

2-nji maýda Ermenistanda on müňlerçe adamyň Paşiniýanyň umumy iş taşlaýyş boýunça eden çagyryşyna eýermegi netijesinde ýurduň uly bölegi hereketden galdy.

Paşiniýan aprel aýynda hökümete garşy protestlere ýolbaşçylyk etdi. Şondan soňra ýurda uzak wagtlap prezidentlik eden Respublikan partiýanyň başlygy we parlament tarapyndan sanlyja gün ozal premýer-ministr saýlanan Serž Sarkisiýan bu wezipeden çekilmäge mejbur boldy.

2008-nji ýyldan bäri prezident bolan Sarkisiýan möhlet çäkliligi sebäpli öten aý iş başyndan aýryldy.

Onsoň parlamentde agdyklyk edýän Respublikan partiýa ony ygtyýarlygy giňeldilen premýer-ministr edip belledi.

Bu göçüm bolsa müňlerçe adamyň köçelere dökülip, Sarkisiýany wezipä ýapyşyp galmakda aýyplamagyna getirdi. Olar şeýle hem täze sistema Sarkisiýanyň näbelli wagta çenli Ermenistana ýolbaşçylyk etmegine ýol açýar diýip, alada bildirdiler.

Paşiniýan 7-nji maýda žurnalistlere saýlanan halatynda, özüniň syýasy duşmanlaryndan öç almaga synanyşmajakdygyny aýtdy.

Ol: “Öç almak bolmaz. Ermenistanda syýasy we ykdysady yzarlama sahypasy ýapyldy” diýdi.

Paşiniýan şeýle hem saýlansa, hökümetde oligarhlaryň bolmagyna ýol berilmejekdigini Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy

“Men size arkaýynlyk berýärin. Hökümetde oligarhlar bolmaz” diýip, Paşinian belledi.

Ol soňra hem: “Ykdysadyýetimizde monopoliýa bolmaz” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG