Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Milli şwed kotleti" türk köftesi ekeni...


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Guardian” gazetiniň ýazmagyna görä, Şwesiýanyň iň meşhur milli nahary bolan kotleti aslynda şwesiýalylara däl, eýsem türklere degişlidigini şwedleriň resmi görnüşde ykrar etmegi türkleri diýseň begendiripdir.

Türkiýäniň "TRT World" telekanalynyň "Twitter" sosial ulgamyndaky sahypasynda çap eden maglumatynda şeýle diýilýär: "Şwesiýanyň hökümeti Ikea dükanynda satylan meşhur şwed kotletiniň aslynda türk köftesidigini boýun aldy".

Türkiýäniň iňlis dilinde çap edilýän "Hürriýet Daily" gazeti bolsa bu habary şeýle sözbaşy bilen çap edipdir: "Şwed hökümeti şwed kotleti aslynda türk naharydyr diýýär".

Mundan owal Şwesiýanyň "Twitter" sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda şeýle maglumat berlipdir:

“Şwed kotleti aslynda 18-nji asyrda şa 7-nji Karlyň Türkiýeden getiren taýýarlanyş goldanmasy esasynda taýýarlanýar. Geliň, hakykaty ykrar edeliň".

Türkiýäniň "Anadolu habar gullugy" bolsa, pursatdan peýdalanyp Uppsala uniwersitetiniň Edebiýat fakultetiniň professory Annie Mattson bilen gürrüňdeşlik geçiripdir. Alymyň tassyklamagyna görä, Karl 1709-njy ýylda Russiýa garşy söweşde şowsuzlyga uçrandan soň, galan goşuny bilen şol döwürde Osman imperiýasyna degişli bolan Moldowadan gaçybatalga sorapdyr.

Owalky gazanan ýeňişleri sebäpli "Demirgazygyň şiri" we "Şwed meteoru" ýaly lakamlara eýe bolan Karl 1697-nji ýylda, ýagny 15 ýaşynda tagta çykypdyr.

"Guardian" gazeti: "Russiýa garşy uruş yglan etmek bilen Karl gurby çatmajak işe ýeltendi we ömrüniň galan 6 ýylyny sürgünde, ýagny Türkiýäniň owalky ýerinde geçirmäge mejbur boldy".

Surat: Karl XII we Iwan Mazepa Poltawa söweşinden soň.
Surat: Karl XII we Iwan Mazepa Poltawa söweşinden soň.

Ýöne sürgün durşy bilen biderek ýiten wagtdan ybarat bolmandyr. Karl ýerli tagamlary juda gowy görüpdir we watanyna dolananda ýany bilen şwed dilinde “köttbullar” diýip atlandyrylýan kotletden daşaryn häzirki döwürde Şwesiýada ýörgünli bolan we şwed dilinde “kåldolmar” diýilýän kelemden dolama naharynyň taýýarlanyş goldanmasyny alyp gidipdir.

Emma "uruş pälinden gaýtmaýan" Karl 1718-nji ýylda Daniýanyň basyp alan ýurdy bolan Norwegiýa hüjüm edýän mahaly kellesindäki gülle ýarasyndan ölüpdir.

Ol şol bir wagtyň özünde-de, Şwesiýada türkleriň kofe adatyny ýörgünleşdiren şahsyýet hasaplanýar.

Kofe adaty 18-nji asyrda çakdanaşa ýaýbaň bolany sebäpli, şa 3-nji Gustaw ony bir salym gadagan edipdir.

"Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýede köftäniň dörän ýeri hasaplanýan Inegöl şäherinde ýerli aşpez Ibrahim Weýsel Dogan şeýle diýipdir: "Kotlet meselesi, biziň milli tagamlarymyzyň dünýäde käbir ugurlarda ykrar edilmegine tutaryk bolmalydyr".

Türkiýäniň iş hyzmatdaşlyklaryny ugrukdyryjy "TIKA" atly gullugynyň başlygy Serdar Çam bolsa: "Olar ýaly bolýan bolsa, Şwesiýa Ikea dükanlarynda her gün 2 million kotletiň "şwed kotleti" diýip satylmagyna ýol bermeli däldir" diýip, bu ugurda has gazaply çykyş edipdir.

Örjan atly bir şwed bolsa, bolup geçýän bu ýagdaýa gaty gynanypdyr. Ol şu wagt ýurduň turizm pudagynyň "Twitter" sosial ulgamyndaky resmi sahypasyny ýöredýär. Ol: "Meniň ähli arzuw-hyýalym nädogry maglumata esaslanan ekeni" diýip, "twit" ýazypdyr.

Ümit atly biri bolsa "Twitter" sosial ulgamyndaky şwesiýalylary umytsyz bolmazlyga çagyrypdyr:

“Elektrik energiýasyny serbiýaly oýlap tapypdyr. Ýone, hiç kim oňa dalaş etmeýär. Aň-düşünjeli adamlar her kimiň milletparaz ýa-da olara garşydaş bolman hem bir adamdan peýdaly zat öwrenip biljegine göz ýetirýärler. Belki, türkleriň hem muny başga birinden öwrenen bolmagy ahmal. Türk dilindäki kotlete berilýän "köfte" ady parsçadyr".

"Köfte" diýen sözüň parsçadygyny azerbaýjanlylar ýaly köp adam kabul etmän hem biler. Ýöne dolama atly naharyň awtorlyk şahadatnamasyny UNESCO-dan alan Azerbaýjanyň medeniýet ministrligi kotleti hem ünsden düşürmeýär.

Ministrligiň "Facebook" sosial ulgamyndaky sahypasynda Azerbaýjan kotleti barada giňişleýin makala çap edilipdir.

Şwesiýanyň kotlet barada ykrar eden resmi karary aslynda kotlet hakda başlajak jedelleriň ahyrkysy däl, gaýtam başlangyjy bolup biler.

XS
SM
MD
LG