Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň paýtagtynda iki polisiýa bölümine hüjüm edildi


Hüjümiň bolan ýeri barlanýar, Kabul, 9-njy maý, 2018.

Owganystanyň paýtagtynda iki sany polisiýa bölümi janyndan geçen üç hüjümçiniň zarbalaryna sezewar boldy, diýip Owganystanyň içeri işleri ministrliginiň wekili aýtdy.

Birinji hüjüm 9-njy maýda şäheriň günbatar böleginde boldy. Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daneşiň sözlerine görä, şeýle-de, janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynyň yzýany geçirilen “arassalaýyş operasiýasynda” ok atyşyk bolupdyr.

Daneş ýene iki sany hüjümçiniň şäheriň merkezindäki polisiýa bölümine zarba urandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, hüjüm zerarly iki adam ýaralanyp keselhana düşüpdir.

Emma Kabulyň keselhanasynyň müdiri alty adamyň ýaralanyp keselhana düşendigini AP agentligine habar berdi.

Soňky aýlarda “Talyban” we “Yslam döwleti” topary Kabulda giň möçberli hüjümleriň ençemesini amala aşyrdylar.

30-njy aprelde Kabulda bolan goşa hüjümde azyndan 25 adam, şol sanda AÝ/AR-nyň žurnalistleri wepat boldy. “Yslam döwleti” topary şol hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG