Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin 9-njy maýda harby ýörişiň öňüsyrasynda Birleşen Ştatlary tankyt etdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 9-njy maý, 2018.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Moskwa, 9-njy maý, 2018.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan Urşundaky ýeňşiň ýyl dönümi mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen harby paradyň öňüsyrasynda eden çykyşynda ABŞ-ny tankyt etdi.

Putin “özüni aýratyn saýmagyň” nasist agressiýasyna getirendigini we bu howpuň şu günki gün global howpsuzlygyna wehim salýandygyny belledi.

Öňki sowet ýurtlary 9-njy maý senesini dürli belleýärler. Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýeti agressor diýip atlandyryp, Kiýewiň orsýetçi separatistler bilen Gündogar Ukrainadaky konfliktini onlarça ýyl öň nasistlere garşy söweşe deňedi.

Putiniň Gyzyl meýdançada eden bu çykyşy onuň kasam edip, dördünji prezidentlik möhletine geçmeginiň iki gün yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG