Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguzda özbek mekdebi açylar diýilýär; Okuwçylaryň ýaşy, sany, milleti hasaba alynýar


Illýustrasiýa suraty

Daşoguzyň merkezinde açylmagy ahmal bolan özbek dilinde bilim berýän mekdebe okuwçy saýlamak üçin sebitde mekdebe çenli we mekdep okuwçylaryny hasaba almak işleri geçirilýär. Hususan-da, özbek we gazak maşgalalarda hasaba alyş işleri göze ilýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi habar berdi.

Читайте также на русском

Bu habaryň fonunda, “Daşoguz şäheriniň we etrap häkimlikleriniň tabşyrygy bilen welaýatyň çäginde ýaşaýan özbekleriň we türkmenleriň sanyny anyklamak boýunça ilat ýazuwy geçirilýär” diýip, Azatlygyň beýleki bir habarçysy ýurduň içinden maglumat berdi.

Onuň ýetiren maglumatlaryna görä, bu çäre takmynan soňky iki hepdäniň dowamynda alnyp barylýar.

“Golaýda Özbegistana edilen resmi sapardan soň, köpler bu ýazuwyň welaýatda özbek mekdeplerini açmak üçin edilýändigini çaklap, umyt edýärler. Bu sebitde özbek dilinde bilim berýän mekdepler Nyýazowyň döwründe ýapylypdy” diýip, habarçymyz belledi.

“Galyberse-de, Daşoguzyň özünde milleti özbek bolan raýatlaryň sany agdyklyk edýär. Olaryň köplük bolup ýaşaýan etraplaram bar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň welaýatyň çäginde bolup geçýän hadysalardan ýakyndan habarly çeşmesi gürrüňi edilýän çäreler bilen baglylykda maglumat berip, “bu çärä sözüň doly manysynda ilat ýazuwy diýip bolmaz, sebäbi diňe mekdebe çenli we mekdep okuwçylarynyň sany, ýaşy we milleti hasaba alynýar. Hususan-da özbek we gazak maşgalalarda hasaba alyş göze ilýär” diýip, sebitden habar berdi.

Hasaba alyş işlerini geçirýän resmiler bilen bagly maglumatlara-da degip geçen çeşme, ýazuw çärelerine oba arçynlyklaryndan, etrap häkimliklerinden we bilim bölümlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny habar berdi.

Geçirilýän hasaba alyş işleriniň mümkin bolan sebäpleri bilen gyzyklanan söhbetdeşimiz, “Daşoguz welaýatynyň merkezinde özbek dilinde bilim berýän mekdebiň açyljakdygy, geçirilýän hasaba alyş işleri arkaly şol mekdebe çaga saýlanýandygy gürrüň edilýär. Bu mekdebe ene-atalary, üç arkasy sud jogapkärçiligine çekilmedik özbek maşgalalaryň çagalary alnar” diýip, gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirden gurply maşgalalar bu mekdepde çagalaryny okatmak üçin para berip başladylar.

“Entek bu mekdebiň haçan açyljakdygy, ýa-da umuman açylyp-açylmajakdygy gümana” diýip, çeşme sözüniň üstüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda soňky gezek geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini indi ençeme ýyl bäri malim etmän gelýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy iň soňky gezek 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçirilipdi. Şonda bu çäräni geçiren Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti öz resmi web-saýtynda bu ýazuwyň tapgyrlaýyn deslapky netijeleriniň 2013-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda, soňky netijeleriniň 2014-nji ýylda yglan ediljekdigi mälim edipdi. Ýöne şondan bäri geçen 4 ýylyň dowamynda ýazuwyň netijeleri barada jemgyýetçilige hiç-hili maglumat berilmedi.

Üstesine, mundan ozal 2012-nji ýylda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerini jemgyýetçilige aýan etmezden, türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylda täze uçdantutma ýazuwy geçirmegi göz öňünde tutýar.

Bu barada 2017-nji ýylyň 19-njy oktýabr güni geçirilen hökümet ýygnagynda maslahat edilip, ýurt baştutany derejesinde 2022-nji ýyldaky täze ýazuwy guramaçylykly geçirmek barada degişli resmilere tabşyryk berildi.

Daşoguzyň çäginde açylmagy göz öňünde tutulýandygy habar berilýän mekdep baradaky gürrüňler bilen sözi jemlände, çeşmämiz ilat arasyndaky gürrüňlere salgylanyp, özbek dilinde bilim berýän iki mekdebiň Nyýazow etrabynda-da açylmagynyň ahmaldygyny sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG