Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Siriýadaky infrastrukturasyna Ysraýyl tarapyndan edilen raketaly hüjümleri berk ýazgardy


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Ghasemi

Eýran Siriýanyň içindäki öz nokatlaryna Ysraýyl tarapyndan edilen raketaly hüjümleri berk ýazgardy.

11-nji maýda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Ghasemi bolan waka bildiren ilkinji reaksiýasynda Siriýanyň Ysraýylyň agressiýasyndan özüni goramaga hukugynyň bardygyny aýtdy.

Ysraýyl 10-njy maýda Eýranyň Siriýadaky harby infrastrukturasynyň tas ählisine hüjümlerini Eýranyň güýçleriniň Ysraýylyň territoriýasyna ilkinji gezek raketa atmagyndan soň amala aşyrandygyny aýtdy.

Bu garşylygyň döremeginden iki gün ozal ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşygyndan çekilýändigini yglan etdi.

Eýranyň we Ysraýylyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenmegi halkara derejesinde aladalanmalary güýçlendirdi.

BMG-niň baş sekretary Gutteriş taraplary “ähli duşmançylykly hereketleri” dessine bes etmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG