Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa ýurtlary ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryndan soň, firmalaryny goramak ugrunda tagalla edýärler


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý

Ýewropa döwletleri ABŞ-nyň Eýran bilen işleşýän firmalara garşy girizen sanksiýalaryndan soň, Tähran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny saklap galmak, Eýranyň ykdysady bähbitlerini kepillendirmek we öz kärhanalaryny goramak ugrunda tagalla edýärler.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meýiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, prezident Donald Tramp ABŞ-nyň Eýranyň nebit we bank ulgamlaryna garşy girizilen täze sanksiýalarynyň, 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygynyň çäklerinde hereket edýän, ýewropa kompaniýalaryna ýetirjek täsirini maslahat etmegiň gerekdigi bilen ylalaşypdyr. Ýatlatsak, Tramp Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykypdy.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we Hytaý Ylalaşyga hormat goýýandyklaryny, şeýle-de onuň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almak üçin gowy serişdedigine ynanýandyklaryny aýtdylar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani hem Ylalaşygyň şertlerine hormat goýýandygyny, emma onuň diňe Tährana garşy girizilen sanksiýalaryň netijesinde dörän ykdysady bähbitler dowam etse, berjaý ediljekdigini belledi.

Ylalaşyk baglaşylandan soň, 2016-njy ýylda ýewropa kompaniýalary Eýranda täzeden işläp başlapdylar.

XS
SM
MD
LG