Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

‘Pakistanyň Talyban’ topary harby ulagy duzaga düşürip, ýedi esgeri öldürdi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpalar regiony

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpalar regionynda söweşijiler goňşy Owganystana yzyna gaçyp gitmezden öň, patrullykdaky harby ulagy duzaga düşürip, ýedi esgeri öldürdiler diýip, Pakistanyň howpsuzlyk resmileri aýdýarlar.

14-nji maýda Pakistanyň iki resmisi anonim şertde maglumat berip, bu wakanyň 13-nji maýda Demirgazyk Waziristan sebitinde bolandygyny aýtdy.

“Pakistanyň Talyban” toparynyň metbugat wekili Mohammad Hurasani ýörite beýanat ýaýradyp, bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu hüjüm, 13-nji maýda goňşy Owganystanyň Jalalabad şäherindäki hökümet binasyna janyndan geçen bombaçylaryň we ýaragly adamlaryň eden sazlaşykly hüjümi netijesinde 10 adamyň öldürilen we başga-da 40-dan gowragynyň ýaralanan mahalyna gabat geldi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne aldy, ýöne toparyň “Amak” atly habar websaýtynda bu barada subutnama ýaýradylmady.

XS
SM
MD
LG