Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji premýer-ministri protestçileri asudalygy saklamaga çagyrdy


Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Hwirikaşwili ýurduň milli telewideniýesinde eden çykyşynda paýtagtdaky protestçileri asudalygy saklamaga we ýowuzlyklardan gaça durmaga çagyrdy. Bu waka ýurduň neşä garşy polisiýasynyň geçiren reýdleri netijesinde gahar-gazaba münen demonstrantlaryň parlament binasynyň öňündäki ýörişleri dowam edýän mahaly boldy.

“Ýurtdaky islendik gapma-garşylyk we jemgyýetdäki bölünişik gürji hökümeti we halky üçin kabul ederliksizdir. Kanun goraýjy edaralar kanuny we düzgüni, şeýle-de ýöriş geçirmek hukugyny we erkinligini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görýärler” diýip, Hwirikaşwili aýtdy.

Şeýle-de, ol “gürji häkimiýetleriniň neşe söwdasyny edýän adamlara garşy berk çäre görjekdigini, neşe serişdesini ulanýanlara gumanistik çemeleşjekdigini” belledi.

12-nji maýda irden ýüzlerçe adam Tbilisiniň köçelerine çykyp, polisiýanyň gijäň ýary şäheriň tanymal iki gijeki klubyna eden neşä garşy reýdlerine protest bildirdi. Tankytçylar muny gijeki kluba barýanlara garşy çakdanaşa güýjüň ulanylmagy diýip häsiýetlendirýärler.

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi “Bassiani” we “Cafe Gallery” gijeki klublaryna geçirilen reýdlerde öz ofiserleriniň “neşe söwdasyny edýän” sekiz adamy tussag edendigini mälim etdi.

Gijeki kluba baran käbir adamlar neşäniň polisiýa tarapyndan ýerleşdirilen bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG