Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

M15-iň başlygy: Orsýet ‘gyrakladylan’ bolmak bilen töwekgellik edýär


Britaniýanyň aňtaw edarasynyň başlygy Andrew Paker. 14-nji maý, 2018 ý. Berlin

Orsýet ýewropa demokratiýasynyň düýbüni köwmäge hem-de betniýetli hereketler we “ýalan dumany” arkaly günbatarda şübhe döretmäge synanyşýar diýip, Britaniýanyň aňtaw edarasynyň (M15) başlygy Ýewropanyň aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylaryna aýtdy.

Britaniýanyň aňtaw edarasynyň başlygy Andrew Paker özüniň 14-nji maýda Berlinde eden çykyşynda “Orsýet ‘agressiw we hatarly hereketleri’ amala aşyrýar we ol ‘gyrakladylan’ bolmak bilen töwekgellik edýär” diýdi.

Parkeriň Germaniýanyň “BfV” aňtaw gullugynda geçirilen ýygnakdaky çykyşy, britan aňtaw gullugynyň başlygynyň Britaniýanyň daşynda, köpçülikde eden ilkinji çykyşy boldy.

Onuň sözlerine görä, mart aýynda orsýetli içaly Sergeý Skripala we onuň gyzy Ýuliýa garşy amala aşyrylan nerwleri ysmaz edýän hüjüm britan topraklarynda “bilkastlaýyn we nyşana alnan howply hereket” bolup, Moskwanyň “halkara düzgünlerini gödek bozandygyny” aňladýar.

Britaniýa Orsýeti Skripallary Ikinji Jahan urşy döwründe öndürilen nerwe täsir ediji “Nowiçok” atly serişdeler toparynyň düzümine girýän howply himiki jisimi ulanmak arkaly zäherlemekde aýyplady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG