Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Owganystanyň günbataryndaky Farah şäherine hüjüm edýär


Owganystanyň kartasy

“Talyban” söweşijileri Owganystanyň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän günbatar Farah welaýatynyň paýtagty Farah şäherine hüjüm edip, howpsuzlyk güýçleriniň onlarçasyny öldürdi we ýaralady diýip, owgan resmileri aýdýarlar.

15-nji maýda barlag nokatlarynyň birnäçesiniň gözegçiligi “Talyban” söweşijileriniň kontrollygyna geçdi we şäherde güýçli çaknyşyklar dowam edýär diýip, Farah welaýat geňeşiniň başlygy Fared Bahtawer belledi.

Ol häzire çenli wakada owgan howpsuzlyk güýçleriniň 30 çemesi agzasynyň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Adyny köpçülige mälim etmeýän ýerli hökümet resmisi we ýaşaýjylaryň ençemesi howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky çaknyşyklaryň şäher merkezinden 4 kilometr çemesi uzakda dowam edýändigini aýtdylar.

Farah welaýatyndan kanunçykaryjy Mohammad Sarwar Osmani hem “Talybanyň” hüjümlerini tassyklady.

“Talyban” topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG