Owganystanyň hökümet güýçleri “Talybany” ýurduň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän günbatar Farah welaýatynyň paýtagty Farah şäherinden gysyp çykardy diýip, owgan resmisi aýdýar.
16-njy maýda Farah welaýatynyň häkimi Abdul Basir Salangi Farah şäherindäki çaknyşyklarda “Talyban” toparynyň 300-den gowrak söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy. Şeýle-de, ol hökümet güýçleriniň 25 agzasynyň hem heläk bolandygyny belledi.
Salangi ýaşaýjylaryň şäheri arassalamaga, şol sanda “Talyban” toparynyň 40 çemesi söweşijisiniň jesetlerini aýyrmaga başlandygyny aýtdy.
15-nji maýda irden başlan bu çaknyşyklar “Talyban” topary öz ýyllyk ýazky hüjümlerine başlaýandygyny yglan edeni bäri welaýat paýtagtyny nyşana alýan iň uly hüjümdir.