Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Türkmenistanlyny alyp gaçmakda aýyplanýan adam tussag edildi


Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň Naberežnyýe Çelny şäheri

Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň Naberežnyýe Çelny şäheriniň polisiýasy 22 ýaşyndaky türkmenistanlyny alyp gaçmakda we gynamakda aýyplanýan bir adamy tussag etdi diýip, “Chelny-biz.ru” neşiri habar berýär.

Neşiriň 16-njy maýda beren maglumatyna görä, Tatarystanyň Içeri işler ministrligi tussag edilen 25 ýaşyndaky şübhelini adam alyp gaçmakda, bir zady gorkuzyp almakda we seksual häsiýetli zorlukly hereketlerde aýyplaýar.

“Derňewçileriň maglumatyna görä, 22 ýaşyndaky [türkmenistanly] adam jemgyýetçilik transport serişdesiniň duralgasyndan alnyp gaçylýar we “Ýaşlar” kafesine alnyp gidilýär. Bu ýerde ony kafeniň arka tarapyndaky bir otaga gabap, ony urup-ýençýärler we ondan ýarym million rubl bermegi talap edýärler. Türkmenistanyň raýaty bu ýerden gaçyp, polisiýa ýüz tutýar” diýip, agzalýan neşiriň habarynda bellenilýär.

Rus mediasynyň maglumatyna görä, bu iş boýunça aýyplanýan başga-da iki şübheliniň işi şäher suduna iberildi. Olaryň biri tussaglykda, beýlekisi öý tussaglygynda saklanýar. Şübhelileriň ikisi hem aýyplamalary bölekleýin kabul etdi. Olar diňe adam alyp gaçmakda we gorkuzyp almakda aýyplanýarlar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyndan haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG