Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB bilen günbatar balkan ýurtlarynyň liderleriniň arasynda sammit geçirilýär


Fransuz prezidenti Emmanuel Makron (çepde), Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (ortada) we nemes kansleri Angela Merkel
Fransuz prezidenti Emmanuel Makron (çepde), Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (ortada) we nemes kansleri Angela Merkel

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri öz günbatar balkan ýurtlaryndaky kärdeşlerini amala aşyrylýan reformalaryň depginini dowam etdirmäge çagyrdy, ýöne regiondaky alty ýurduň haýsydyr biriniň 28 agza döwletden ybarat ÝB-a ýakyn gelejekde goşuljakdygy ýa-da goşulmajakdygy barada hiç zat aýtmadylar.

17-nji maýda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilýän sammit Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen günbatar balkan ýurtlarynyň arasynda soňky 15 ýylyň dowamynda geçirilýän şuňa meňzeş ilkinji duşuşykdyr.

Bu duşuşyk Serbiýanyň, Bosniýanyň, Çernogoriýanyň, Kosowanyň, Makedoniýanyň we Albaniýanyň Ýewropa Bileleşigine effektiw agzalygy baradaky meselä däl-de, olaryň bileleşige has berk integrasiýasy dogrusyndaky tagallalara gönükdirilendir.

XS
SM
MD
LG