Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşiniýan protestleri togtatmaga çagyrdy


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň täze saýlanan premýer-ministri Nikol Paşiniýan demonstrantlara ýüzlenip, köçe protestlerini togtatmaga çagyrdy.

“Biz Ermenistanda halkyň ynamyna girip bilmedik hökümetiň bolandygy sebäpli, [aprelde] köçeleri petikledik. Bu günki gün halkyň ynamyny ödeýän hökümet bar” diýip, Paşiniýan Facebook arkaly eden çagyryşynda belledi.

Şeýle-de, Paşiniýan arz-şikaýatlary bolan raýatlary öz nägileliklerini ýazmaça görnüşde beýan edip, olary hökümete hödürlemäge çagyrdy.

“Hökümet bilen raýatlaryň arasyndaky dawalar, hökümet bilen milletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen çalşyrylmalydyr” diýip, Paşiniýan çykyşynda nygtady.

Mundan öň, ozalky hökümetiň tarapdarlarynyň Paşiniýanyň hökümetini “asňytlatmak üçin” protestleri dowam etdirmäge çagyryş etmekleriniň mümkindigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG