Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň prezidenti Ukrainanyň gündogarynda BMG-niň barlyşdyryjylaryny ýerleşdirmäge çagyrdy


Polşanyň prezidenti Andrzej Duda

Polşanyň prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň goldaýan separatistleri bilen barýan konfliktiň sebitinde we Russiýa bilen serhet araçäginde BMG-niň barlyşdyryjy güýçlerini ýerleşdirmäge çagyrdy.

“Ilki bilen, bu güýçler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Ukraina bilen Russiýanyň serhet araçäginde ýerleşdirilmelidir. Mundanam başga, eger-de zerurlyk ýüze çyksa, bu güýçler separatisleriň gözegçiligindäki ähli territoriýalarda ornaşdyrylmalydyr” diýip, Andrzej Duda çykyşynda belledi.

Ukraina serhetden rus esgerleriniň we ýaraglarynyň geçmezligine gözegçilik etmek üçin, BMG-niň barlyşdyryjy güýçleriniň ornaşdyrylmagyny goldady.

Sentýabrda Russiýa Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaýlara gözegçilik edýän ÝHHG-niň 600 töweregi gözegçisiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, BMG-niň çäklendirilen barlyşdyryjy missiýasynyň ýerleşdirilmegini makullajakdygyny öňe sürüpdi.

Moskwa ÝHHG-niň gözegçilerini gorajak, ýeňil ýaraglanan barlyşdyryjylary ornaşdyrmak rezolýusiýasyny hödürläpdi. Emma, bu Ukraina we onuň ýaranlary üçin kabul ederliksiz boldy.

XS
SM
MD
LG