Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Faraplylar çagalaryň ýokanç kesellerden ejir çekýändigini aýdýarlar


Farap etrabynda häzir çagalaryň arasynda gyzamyk keseli has ýaýrawly. Illýustrasiýa suraty.
Farap etrabynda häzir çagalaryň arasynda gyzamyk keseli has ýaýrawly. Illýustrasiýa suraty.

Ýerli ýaşaýjylar bilen Türkiýedäki zähmet migrantlary, Farap etrabynda häzirki döwürde çagalaryň gyzamyk başda bolmak bilen dürli ýokanç kesellerden ejir çekýändigini öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda habarlaşan käbir faraplylaryň we olaryň Türkiýedäki zähmet migrantlary hossarlarynyň aýtmagyna görä, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda häzir çagalaryň arasynda başda gyzamyk keseli has ýaýrawly we resmiler oňa garşy ýeterlik çäre görmeýärler.

"Farap etrabynda häzir gyzamyk keseli gaty ýaýrawly we çagalara uly wehim salýar. Resmiler bolsa muňa garşy hiç hili çäre görmeýärler. Çagalarymyzy etrabyň keselhanasyna äkidip görkezsek "Aý, bul gyzamyk wagtlaýynça bolýan kesel. Biz hiç zat edip bilemizok. Çagaňyzy öýüňizde şol owalky gadymdan gelýän emler bilen bejeriberiň. Bizde gerek bolan dermanlar we sanjymlar ýok“ diýip, yzymyza gaýtaryp goýberdi hekimler. Oba ýerlerinde bolsa çagaň ýaramaýan-da gerek bolan dermanlary we sanjymlary özüň alyp, şepagat uýalaryna eltip bermeli bolýarsyň, ýagny döwlet tarapyndan berilmeli dermanlar we çagalara edilmeli sanjymlar gaty köp wagtdan bäri ýok. Çagaňa kesel ýokuşsa etrap beýlede dursun, welaýat merkezlerindäki çagalar bölümlerinde hem seredenoklar "Derman ýok, sanjym ýok, ýeterlik orun ýok“ diýip, başyndan sowup goýberýärler. Birnäçe maşgalanyň çagasynyň gyzamykdan ejir çekmegi häzir hemmeleri uly howsala düşürdi. Näme etjegimizi bilmän Azatlyk Radiosynyň üsti bilen ýokardakylara arzymyzy ýetirmek isledik. Bize kömek etsinler, çagalarymyzy ýokanç kesellerden gorasynlar, bolmasa gyzamyk alyp ýatjak neresse çagalary“ diýip, faraply käbir ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna maglumat berýärler.

Howpsuzlyk sebäpli efirde adynyň agzalmazlygyny sorap Azatlyk Radiosy bilen bu ugurda gürrüňdeş bolan Lebäp welaýatynyň merkezinde ýaşaýan käbir raýatlaryň aýtmagyna görä bolsa, gyzamyk keseli häzir diňe bir Farap etrabyna däl, eýsem merkezdäki käbir çagalar baglaryna hem wehim salýar.

"Lebap welaýatynyň merkezinde çagalar keselhanasy bar. Farap başda bolmak bilen käbir etraplarda we welaýat merkeziniň özünde gyzamyk başda bolmak bilen beýleki käbir ýokanç çaga keselleriniň ýaýbaňlanmagy sebäpli keselhanada hassalara ýatara ýer galmady. Golaýda şol çagalar keselhanasynyň edil gabadynda täze çagalar barada diagnostika merkezi hem hyzmata girildi welin, Lebabyň merkezinde ady agzalýan çagalara niýetlenen iki keselhanada-da hassalara seretmäge orun ýetmezçilik edýär. Etraplardaky keselhanalaryň ýokanç kesellere seredilýän bölümleriniň bolsa gapsyndan girer ýaly däl. Ýokanç kesellere seredilmeli ýerler harabaçylyk ýaly ýagny jaýlaryň käbir diwarlary opurylan, jaýrylan, suwaglary gopan ýagdaýda we içi hem hapaçylyk. Gyş ýyladyş ulgamlary işlemeýändigi üçin aýazdan, tomus hem yssydan ýatyp bolanok. Şonuň üçinem etraplaryň ýaşaýjylary welaýat merkezindäki keselhanalara ýykgyn edýärler“ diýip, Lebap welaýatynyň merkezinde ýaşaýan käbir raýatlar Azatlyk Radiosyna maglumat berýär.

Başda Farap etraby bolmak bilen Lebap welaýatynyň merkezinde we käbir beýleki etraplarynda häzirki döwürde çagalara gyzamyk ýaly ýokanç keselleriň uly howp abandyrýandygyny Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ol ýerlerden Türkiýä işlemäge gelen zähmet migrantlary hem tassyklaýarlar. Käbirleri bolsa şeýle sebäpden Türkmenistanda galan çagalaryndan uly gaýgy edýändigini bildirýärler.

"Häzir howa gyzansoň çagalaryň arasynda ýokanç keseller ýaýbaňlandy. Farap etrabynda we Lebap welaýatynyň beýleki ýerlerinde iň ýaýrawly kesel häzir gyzamyk. Ondan başga-da garyn agyry, saraltma, içagyry çagalara wehim salýar. Çagalar öz ýaşaýan ýeriniň saglyk şahamçasynda ýagny maşgala poliklinikasynda ýazga alynýar we bir ýaşyna barýança her hepde şepagat uýalary tarapyndan saglyk barlagyndan geçirilýär. Çagalara doglandan başlap yzgiderli ýagdaýda edilmeli sanjymlar häzir gynansagam başda Farap etraby bolmak bilen welaýatyň köp ýerinde edilmeýär. Çagada ýokanç kesel ýüze çykanda "Bizde ol dermanlar we serişdeler ýok“ diýip, onuň maşgalasyna satyn aldyrýarlar. Ýöne, özi satyn alyp getiren sanjymlaryny şepagat uýalary urup berýärler we soň ony hamana döwletiň hemaýatkärliginde edilen ýaly edip bellige alýarlar. Etraplardaky maşgala poliklinikalarynda çagalara döwlet tarapyndan berilmeli dermanlar berilmeýär we edilmeli sanjymlar hem edilmeýär. Meniň işlän döwrümde etraplardan oba ýerlerindäki maşgala poliklinikalaryna iberilmeli dermanlar we sanjymlar iberilmeýärdi“ diýip, owalky şepagat uýasy, häzir bolsa Stambulda işläp ýören zähmet migranty zenan anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Sözi jemlesek, ýokarda agzalşy ýaly Lebäp welaýatynyň başda Farap etraby bolmak bilen dürli ýerinde çagalara wehim salýan gyzamyk ýaly ýokanç kesellere garşy görülýän çäreler barasynda Azatlyk Radiosynyň ähli synanyklaryna garamazdan degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak başartmaýar.

XS
SM
MD
LG