Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Soçide Putin bilen duşuşyp, Eýran, Ukraina, ‘Demirgazyk akym-2’ barada maslahat edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. 18-nji maý, 2018 ý.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel. 18-nji maý, 2018 ý.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 18-nji maýda Gara deňziň kenaryndaky kurort şäheri Soçide Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýar. Gepleşiklerde esasy temalar – Ukraina konflikti, Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmagyna ýewropalylaryň jogaby, şeýle hem Orsýet bilen Germaniýanyň arasynda gurulmagy planlaşdyrylan gaz geçiriji – bolar diýip çaklanýar.

Merkeliň bu sapary onuň üstümizdäki ýyl Orsýete eden ilkinji saparydyr.

2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionyny basyp almagy, gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy we 10300-den agdyk adamyň heläk bolmagyna etiren urşuň turmagyna goşant goşandygy sebäpli Moskwanyň garşysyna sanksiýa girizmek boýunça Ýewropa Bileleşigi tarapyndan edilen basyşlarda ilkinji hatarda duran Germaniýa bolupdy.

Ýöne Merkel soňky ýyllarda Orsýetiň garşysyna berk tutumy yzarlasa-da, “Demirgazyk akym-2” turba proýektini gorap geldi. Ol muny hem Germaniýanyň özüniň gaz üpjünçiligini gyssagly howpsuzlandyrmagy zerur diýip delillendirdi. Bu gaz geçiriji Ukraina akman, onuň sowasyndan geçýär.

11 milliard dollarlyk proýekt Orsýetden günbatar Ýewropa akdyrylýan gazyň mukdaryny iki essä ýetirip bilýär.

Ukraina bu proýekt Ýewropa Bileleşiniň Orsýetiň garşysyna girizen sanksiýalaryny gowşadýar diýse-de, Germaniýa soňky aýlarda Orsýete turba liniýasyny giňeltmek babatda razylyk berdi. Geçiriji geljek ýylyň aýagynda ulanyşa berilmeli.

Amerikanyň ýokary derejeli bir diplomaty hem “Demirgazyk akym-2” turbasy howpsuzlyk aladalaryna sebäp bolýar, şol sebäpden Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryna uçramagy mümkin diýip, duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentinde energiýa syýasaty boýunça ekspert we döwlet sekretarynyň orunbasary Sandra Outkirk 17-nji maýda Berline eden saparynda Birleşen Ştatlaryň “Demirgazyk akym-2” geçirijisine garşydygyny we oňa sanksiýa girizmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol munuň sebäbiniň gaz geçirijiniň Orsýetiň Ýewropadaky “zyýanly täsirini” artdyrmagyna goşant goşmagynyň ähtimaldygy bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Biz ilki diplomatik ýollar bilen bu proýekti togtatmak üçin “ynandyryjylyk güýjüni ulanmakda mümkin bolanyny edýäris”, ýöne Kongres zerur bolan halatynda Orsýetiň şular ýaly turba proýektlerine garşy sanksiýa girizmäge hökümete ygtyýarlyk berdi diýip, Outkirk aýtdy.

Ol soňra hem: “Biz proýekt amala aşmasa, hoşal bolarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropanyň iň uly ykdysadyýeti we dünýäde iň köp tebigy gaz import edýän ýurt bolan Germaniýa bolsa, özüniň atom elektrostansiýalaryny ýatyrýanlygy üçin gaz üpjünçiligine bolan ynamyny artdyrmagy planlaşdyrýar.

Germaniýanyň hökümeti Ukraina we beýleki meseleler sebäpli Orsýet bilen Günbatar arasyndaky oňuşmazlygyň barha artýan häzirki wagtynda Berliniň turba proýektine, şeýle hem 2015-nji ýylda Eýran bilen gelnen ýadro ylalaşygyna Moskwa bilen bolan “hyzmatdaşlyk adalary” diýip garaýandygyny aýtdy.

8-nji maýda amerikan prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň Eýran bilen baglaşylan ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi. Germaniýa, Britaniýa we Fransiýa hem oňa gol çekişen beýleki iki döwlet – Hytaý we Orsýet – bilen bilelikde ylalaşygy halas etmäge synanyşýarlar.

Merkel Orsýete sapar etmezden öň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama “Human Rights Watch” ony özüniň Putin bilen bolan duşuşygyndan peýdalanyp, adam hukuklary aktiwisti Oýup Titiýewiň boşadylmagy we “adam hukuklarynyň beýleki esasy meseleleri” hakda basyş etmäge çagyrdy.

“Merkeliň prinsipiýal sesi häzir ozalkylardan has zerur. Ol öz pikirleri bilen [Titiýewiň] boşadylmagyna kömek edip bilýär” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşen toparyň Germaniýadaky direktory Wenzel Mihalski aýtdy.

Ol şeýle hem: “Orsýetiň häzirki hökümeti ýurduň sowet döwründen bärde bolan iň repressiw hökümeti” diýdi.

“Human Rights Watch” guramasy geçen 18 aýyň içinde polisiýanyň “müňlerçe parahatçylykly protestçini” tutandygyny we “urup-ýenjendigini” hem aýdýar.

XS
SM
MD
LG