Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz deputatlary ozalky prezident Atambaýewiň derňelmegini teklip edýär


Almazbek Atambaýew
Almazbek Atambaýew

Gyrgyz parlamentiniň deputatlary ozalky prezident Almazbek Atambaýewi häkimiýetleriň geçen gyşda boldy diýýän elektrik stansiýasy hadysasyna jogapkär bolmagy ahmal adamlaryň sanawyna goşdular.

Anyklaşdyrylmadyk hadysa 26-njy ýanwarda bolup, paýtagtyň ýaşaýjylaryny howanyň sowuklygy -30-a düşen wagtynda köp gün ýyladyşsyz goýdy.Kanun çykaryjylar bu karara 17-nji maýda, köp güne çeken gyzgyn çekişmeden soňra geldiler. Bu karar Atambaýewiň elektrik hadysasyndaky rolunyň derňelmegine ýol açylmagyny teklip edýär.

Häkimiýetler Bişkek elektrik stansiýasynyň üç ýyla çeken döwrebaplaşdyrma işi tamam bolandan birnäçe aýsoň bolan hadysanyň sebäplerini derňemäge başladylar.

Döwrebaplaşdyrma işi Hytaýyň TBEA kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi, Hytaýyň Eksport-Import banky bolsa bu işi maliýeleşdirmek üçin $386 million karz berdi.

XS
SM
MD
LG