Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat azatlygy toparlary Gazagystany "galp maglumat" kanunyna gaýtadan seretmäge çagyrýar


Sagdan: Aklawçy Larisa Dostowalowa, Ratel.kz saýtynyň baş redaktory Marat Asipow, aklawçylar Anel Aubakirowa we Arman Orazbaýew. Almaty, 10-njy maý, 2018.

Metbugat azatlygy boýunça halkara guramalarynyň 26 toparyndan ybarat koalisiýa gazak häkimiýetlerini meşhur garaşsyz neşirleriň ikisine garşy görlen çärelere we mediany ýuwaşatmak üçin ulanylan graždan we jenaýat kanunlaryna gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ), Halkara PEN, Galamdaşlar guramasy we beýleki media gözegçiligi toparlary bu çagyryşy 18-nji maýda dünýä ýüzünde söz we maglumat azatlygynyň goragynda durýan guramanyň, IFEX-iň websaýtynda çap eden bilelikdäki hatlarynda etdiler.

“Biz prokuratura edarasynyň we sud organlarynyň Ratel.kz-yň we beýleki bir topar neşiriň garşysyna ulanýan ýerliksiz we käbir ýagdaýlarda bikanun çäreleriniň ýygjamlaşyp barmagyndan alada galýarys, olar Gazagystanyň kanunçylyk ulgamynyň işleýän we gowy ýola goýlan demokratiýa üçin zerur bolan kadaly tankydy sem etmek üçin ýalňyş ulanylamgyndan habar berýär” diýip, olar aýtdy.

Almatynyň polisiýasy 2-nji aprelde Ratel.kz habar saýtynyň redaktorlarynyň we Forbes žurnalynyň ýerli neşiriniň edara jaýlaryna reýd geçirip, bu neşirleriň ikisiniň hem kompýuterlerini we dokumentlerini konfiskasiýa etdi. Şeýle-de, bu neşirleri üçin işleýän žurnalistleriň birnäçesiniň öýleri döküldi.

Şu aralykdaRatel-iň websaýty we Facebook sahypasy petiklendi.

Bu çäreler biznesmen we ozalky maliýe ministri Zeýnulla Kakimžanowyň şikaýat arzasy esasynda geçirilýän jenaýat derňewiniň bir bölegi bolup durýar, ol bu neşirleriň galp maglumatlary çap edip, özüniň we oglunyň abraýyny gaçyrandygyny öňe sürýär.

Žurnalistleri goraýan komitet Ratel.kz bilen “Forbes Kazakhstan” žurnalynyň Kakimžanowlaryň bozuk biznes praktikasy diýilýän barada 2016-njy ýylyň maý we dekabr aýlarynyň aralygynda habar berendigini aýdýar.

IFEX-iň bilelikdäki haty Gazagystanyň baş prokuroryny, baş sudýasyny, parlamentini, maglumat we aragatnaşyk ministrini, onuň žurnalistlere we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine “bimöçber jerime” salýandygyny we tankydy habarlara “howp” bolup durýandygyny aýdyp, “galp maglumat” ýaýratmak hakyndaky kanuna gaýtadan seretmäge çagyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG