Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň premýeri Modi Soçide rus prezidenti Putin bilen duşuşmaga ugrady


Rus, hytaý we hindi liderleri Wladimir Putin, Si Jinping, Narendra Modi. Arhiwden alnan surat

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi 21-nji maýda rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Gara deňiz boýundaky Soçi şäherine ugrady, olar iki ýurduň “priwilegiýalaşdyrylan strategik” gatnaşyklaryny güýçlendirmegiň maslahatyny ederler.

Kreml Modi bilen Putiniň rus-hindi “priwilegiýalaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyny gurmagyň esasy meselelerini” hem-de “gaýragoýulmasyz halkara we regional temalaryny” ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Bu gepleşikler Putiniň täze prezidentlik möhletine kasam kabul etmeginiň iki hepde yz ýanyna we Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň, Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, Siriýanyň ýedi ýyllyk konfliktindäki roly, ABŞ saýlawlaryna gatyşmagy we mart aýynda Britaniýada ozalky rus içalysyny zäherlemegi bilen baglylykda, Sowuk uruş döwründäki derejä düşen wagtyna gabat geldi.

Rus we hindi liderleriniň Owganystandaky ýagdaý barada hem maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG