Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýekaterinburgyň häkimi wezipesinden çekildi


Ýewgeniý Roýzman

Ýekaterinburgyň häkimi Ýewgeniý Roýzman wezipesinden çekildi. Ol muňa şäher häkiminiň gönümel saýlawlarda kesgitlenmeginiň ýatyrylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Roýzman muny şäher dumasynyň mejlisinde mälim etdi. Bu mejlisde şäher häkiminiň gönümel saýlanmagynyň ýatyrylmagy bilen, şäheriň ustawyna girizilmeli düzedişler kabul edilmelidi.

Mundan owal, şäher dumasyna hem ýolbaşçylyk eden Roýzman bu meseläni gün tertibine getirmekden ýüz öwrüpdi.

Roýzman adamlaryň aldanmagyna goşulmak niýetiniň ýokdugyny aýdyp, wezipesinden çekildi.

Aprel aýynyň başynda Swerdlowskiý oblastynyň Kanunçykaryjy topary Ýekaterinburgyň häkiminiň gönümel saýlawlarda kesgitlenmegini ýatyrypdy. Indi häkimi konkurs komissiýasynyň hödürlän dalaşgärleriniň arasyndan şäher dumasynyň deputatlary saýlarlar.

Bu karara ýerli ýaşaýjylar hem garşy çykyp, protest geçirdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG