Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karaçide aşa gyzgyn howa sebäpli “onlarça adam öldi”


Karaçide adamlar aşa gyzgyn howadan goranýarlar.

Pakistanyň iň uly Karaçi şäherinde aşa gyzgyn howa sebäpli 65 adam heläk boldy.

Howanyň gyzmagy netijesinde şäheriň elektrik üpjünçiliginde hem bökdençlikler ýüze çykdy. Bu ýagdaýlar aglaba musulmanlaryň agyz bekleýän Remezan aýyna gabat geldi.

Ýerli howa maglumatlary gullugy duşenbe güni howanyň temperaturasynyň 44 gradusa çenli ýetendigini mälim etdi.

Meýithanalara we “tiz kömek” gulluklaryna gözegçilik edýän guramanyň aýtmagyna görä, adam pidalary, esasan, şäheriň garyp sebitlerinde ýüze çykypdyr. Bu raýonlarda 15 milliona golaý adam ýaşaýar.

“Soňky üç günüň dowamynda 65 adam öldi. Ýerli lukmanlar adamlaryň aşa gyzgyn howadan urgy alyp, heläk bolandyklaryny aýtdylar” diýip, Edhi guramasynyň wekili Reuters habarlar gullugyna maglumat berdi.

Emma, Sindh welaýatynyň saglyk resmisi Fazlullah Peçuho kimdir biriniň ölendigini ret etdi. Ol ýerli gazete beren interwýusynda “Men Karaçide adamlaryň aşa gyzgyn howa sebäpli ölendigi baradaky öňe sürmeleri çürt-kesik ret edýärin” diýip, belledi.

2015-nji ýylda aşa gyzgyn howa sebäpli azyndan 1 müň 200 adam heläk bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG