Birleşen Milletler Guramasy şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda konflikt we tebigy betbagtçylyklar zerarly 108,000-den gowrak adamyň öz öýüni terk edip, başga ýere göçmäge mejbur bolandygyny aýdýar.
Şu ýylyň 1-nji ýanwary bilen 13-nji maýy aralygynda jemi 108,440 adam başga ýere göçdi diýip, 22-nji maýda BMG-niň Ynsanperwer meseleleriň koordinasiýasy baradaky edarasy habar berdi.
Öz ýaşaýan sebitini terk etmäge mejbur bolan adamlaryň sany boýunça Gazny welaýatynyň gündogar bölegi ilkinji orunda durýar. Bu sebitde 10,000 çemesi adam öz öýüni terk edip, başga ýere göçmäge mejbur boldy.
15-nji maýda “Talyban” hereketiniň Farah şäheriniň käbir bölekleriniň kontrollygyny öz gözegçiligine geçirmegi bilen, 10,000-den gowrak adam wagtlaýyn öz öýüni terk edip, başga ýere göçmäge mejbur boldy.
2017-nji ýylda Owganystanda konflikt zerarly 445,000 adam öz ýaşaýan sebitini terk edip, başga ýere göçmäge mejbur bolupdy.
BMG-niň bu hasabaty, “Talyban” topary özüniň ýazky hüjümlerine başlany bäri Owganystanyň hökümet desgalaryna, administratiw merkezlerine we azyndan bir welaýatynyň paýtagtyna hüjümleriniň gerimini artdyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!