Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Eýranda metbugat babatynda ‘örän az üýtgeşiklik’ boldy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) prezident Hassan Rohaniniň reformalary amala aşyrmak barada beren wadalaryna garamazdan, “azar bermek we yzarlanmak ýaly gorky faktorlaryna” salgylanyp, Eýranda metbugat babatynda “örän az üýtgeşiklik” boldy diýýär.

Häzirki wagt Eýrana berilýän halkara üns we onuň Ýewropa bilen ykdysady gatnaşyklary “ýurtda metbugat azatlygy we adam hukuklarynyň bozulmagy babatynda özara gatnaşyklaryň açylmagyna” getirip biler diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama özüniň 24-nji maýda ýaýradan hasabatynda aýtdy.

“Eýrandaky žurnalistler gurama beren maglumatlarynda, smartfonlaryň sazlaşygynyň, Internet elýeterliliginiň we Telegram ýaly tilsimleriň kömegi bilen sosial meseler barada habar bermekde öňe gidişlikler gazanandyklaryny aýtdylar” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Ýöne hasabatda häkimiýetleriň “online giňişlige berk kontrollyk edip, bu platformalary ulanýan žurnalistlere gözegçiligi güýçlendirmegi” bilen, bu tagallalaryň “barha artýan basyşlar” bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG