Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran we Ýewropa döwletleri Ýadro ylalaşygyny maslahat edýärler


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi. Arhiw suraty

Dünýäniň iri baş döwleti we Eýranyň ýokary derejeli diplomatlary 25-nji maýda Wenada duşuşyp, ABŞ-nyň 2015-nji ýylda baglaşylan Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny we Eýrana garşy sanksiýalaryň ýaňadandan giriziljekdigini yglan edenden soň, bu Ylalaşygy saklap galmak ugrunda gepleşikleri geçirýärler.

Eýran resmileri eger-de Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa, we Hytaý Ylalaşyga laýyklykda, öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etseler, onda Tähranyň hem ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça wadalaryny tutjakdygyny aýtdylar.

2015-nji ýyldaky Ylalaşyga görä, Tähran özüne garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine, özüniň ýadro programmasyny çäklendirmäge razy bolupdy.

“Bu aňsat bolmaz, emma biz elimizden gelenini ederis” diýip, Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi gepleşikleriň öňýany çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG