Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gollandiýa, Awstraliýa MH17 uçarynyň urulmagy bilen baglylykda Russiýany jogapkär tutar


Golland hökümeti Niderlandlaryň we Awstraliýanyň Russiýany 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli MH17 belgili uçaryň urlup düşürilmegine kanuny ýagdaýda jogapkär tutjakdygyny mälim etdi.

“Häzirki wagt hökümet Russiýany kanuny ýagdaýda jogakär tutmak arkaly nobatdaky ädimi ädýär” diýip, 25-nji maýda golland daşary işler ministri Stef Blok aýtdy.

Mundan bir gün öň gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky jenaýat derňew topary uçary urup ýykan BUK raketa ulgamynyň Orsýetiň 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygyny aýtdy.

Awstraliýanyň, Belgiýanyň, Malaýziýanyň, Niderlandlaryň we Ukrainanyň häkimiýetlerinden düzülen Bilelikdäki derňew toparynyň (JIT) ýaýradan beýanatynda soň, Orsýet gürrüňi edilýän uçaryň urlup ýykylmagy bilen özüniň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny tekrarlady.

Şeýle-de, 25-nji maýda Bellingcat derňew merkezi MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy bilen baglylykda Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Baş ştabynyň bir ofiseriniň, ýagny Oleg Iwannikowyň adyny getirdi.

Bu merkez uçar separatistleriň kontrollygyndaky territoriýada urlup ýykylan mahaly, 50 ýaşly Iwannikowyň Ukrainanyň gündogaryndaky harby operasiýalara ýolbaşçylyk edendigi “gutarnykly anyklandy” diýdi.

MH17 gatnaw belgili uçar 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň Donetks regionyndaky konflikt zonada urlup ýykylypdy. Şonda uçardaky 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk bolupdy.

“Iwannikow rus-ukrain serhedinde ýaraglaryň satyn alşyna we transportyna gözegçilik edýärdi. Ol MH17 uçary urlup ýykylanda, şu wezipeleri ýerine ýetirýärdi” diýlip, Bellingcat derňew merkeziniň “The Insider” atly garaşsyz rus websaýty bilen geçiren derňewleriniň netijelerinde aýdylýar.

Bellingcat Russiýanyň Iwannikowy Ukrainanyň gündogaryndaky harby operasiýalara ýolbaşçylyk etmek üçin 2014-nji ýylyň birinji ýarymynyň dowamynda “ýaşryn ýollandygyny” belledi.

Moskwanyň Ukrainadaky Kiýew hökümetine garşy göreşýän separatistlere harby, ykdysady we syýasy goldaw berendigi baradaky degerli delillere garamazdan, Orsýet Ukrainanyň içerki meselelerine goşulyşýandygy baradaky maglumatlary ret edip gelýär.

Orsýet we Ukrainadaky separatistler MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy barada birnäçe başga teoriýalary öňe sürdiler. Ýöne şol teoriýalaryň ählisi derňewçiler tarapyndan ret edildi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Orsýetiň Bilelikdäki derňew toparynyň (JIT) geçiren derňewleriniň doly hukukly gatnaşyjysy bolmandygyny, şol sebäpli özüniň derňewleriň netijelerine ynanyp bilmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG