Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow galla oragynyň başlanmaly senesini kesgitledi


Gökdepe, bugdaýly meýdan. Mart, 2018.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda göni aragatnaşyk arkaly hökümet maslahatyny geçirip, ýurduň welaýatlarynda galla oragyna başlanmaly günleri kesgitledi.

Prezidentiň kararyna laýyklykda, bugdaý oragyna Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 6-njy iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 13-nji iýunda başlanylar.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bu ýylyň gurak gelendigini we ekerançylyk ýaplaryna goýberilmeli suwuň iki aý gijikdirilendigini, netijede bugdaýyň köp ýerde göýdügendigini, gallaçy daýhanlaryň döwletden alnan tohum, dökün we tehnika hyzmatlary üçin bergili bolup çykmakdan alada galýandygyny habar berýärler.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň gowy netije berýändigini belledi.

“Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri has-da guwandyrýar, olaryň yhlasly we halal zähmeti netijesinde ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan geçen ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý öndürmek baradaky planyny dolmady we munuň üçin käbir welaýat, etrap häkimleri wezipesinden boşadyldy, beýlekileri käýinç aldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG