Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Saud Arabystany, bahalary jylawlamak üçin, nebit çykarmagy artdyrjaga meňzeýär


Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Faleh we onuň rus kärdeşi Aleksandr Nowak, fewral, 2018.
Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Faleh we onuň rus kärdeşi Aleksandr Nowak, fewral, 2018.

Saud Arabystany we Orsýet geljek aýdan, energiýa bahalarynyň gymmatlamagy baradaky sarp ediji aladalaryny peseltmek üçin, nebit öndürmegi köpeltmek ylalaşygyna geljege meňzeýär diýip, olaryň energiýa ministrlikleri aýtdy.

Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Faleh we onuň rus kärdeşi Aleksandr Nowak, 25-nji maýda, Sankt-Peterburgdaky ykdysady sammitde 2016-njy ýylda nebit önümçiligini doňdurmak barada gelen kararlaryny yza çekjekdiklerini aýtdylar. Aýdylmagyna görä, bu çäre ýuwaş-ýuwaşdan we ýylyň ikinji ýarymyndan görler.

Nebit önümçiligini doňdurmak karary 2016-njy ýylyň başynda, çig nebitiň barreliniň bahasynyň 30 dollardan pese gaçmagynyň öňüni almak üçin güýje girizildi we analitikler bu çäräniň nyrhlary 40, 50 dollar çäginde saklamak babatda umuman üstünlikli bolandygyny belleýärler.

Emma golaýda esasan ABŞ-nyň Eýran, Wenezuela ýaly esasy öndürijilere sanksiýa girizmek çäresi zerarly, bahalar 2014-nji ýyldan bäri görülmedik derejede gymmatlap, şu aýyň başynda London söwdasynda barreli 80.50 dollara çenli galdy.

25-nji maýda bahalar 3 prosentden gowrak peselip, barreli $76.44-e düşdi. Şondan soň Saud Arabystany bilen Orsýet, bahalaryň ösüşini gowşatmak üçin, önümçiligi artdyrmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG