Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan raýatlary dollarlaryny we ýewrolaryny lira çalyşmaga çagyrdy


Türk lirasy

Prezident Rejep Taýyp Erdogan türkleri öz tygşytlan dollarlaryny we ýewrolaryny türk lirasyna öwürmäge çagyrdy. Ol munuň ýurduň milli puluny goldamak we, öz sözleri bilen aýdylanda, “daşary ýurt alyş-çalyş dildüwşüklerine” garşy durmak üçin gerekdigini aýdýar.

“Ýassyklarynyň aşagynda dollary we ýewrosy bolan doganlarym, gidiň we puluňyzy lira inwestisiýa ediň. Biz bu dildüwşügiň öňüni bilelikde alarys” diýip, Erdogan 26-njy maýda Erzurum şäherindäki ýygnanyşykda aýtdy.

Prezident bu çykyşyny Türkiýäniň 24-nji iýuna bellenen irki prezident we parlament saýlawlarynyň öňündäki saýlaw ýygnanyşyklarynyň çäginde etdi.

Türkiýäniň milli puly bolan lira geçen aýda dollaryň garşysynda 16% çemesi gymmatyny ýitirdi.

Merkezi bankyň 23-nji maýda gören adatdan daşary çäreleri liranyň gymmatyny belli bir derejede dikeltmäge kömek etdi.

Türk häkimiýetleri liranyň hümmetini ýitirmegini ady aýdylmadyk daşarky güýçleriň ýurdy gowşatmak üçin gurnan “dildüwşügi” hökmünde düşündirdiler.

"Eger-de maliýe sektory şu hili oýunlary oýnap, biziň maýdarlarymyza we işewürlerimize garşy dursa, siz özüňiziň has köp ýitgi çekjegiňizi biliň” diýip, Erdogan öz ýygnanyşygynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG