Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň “Gazpromy” Ankara bilen “Türk akymy” protokolyna gol çekendigini aýdýar


"Türk akymy" gaz geçirijisiniň geçjek ýoly

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasy türk hökümeti bilen “Türk akymy” gaz geçirjisiniň gury ýerden geçýän tranzit şahasy baradaky protokola gol çekendigini aýdýar.

Şeýle-de “Gazprom” 26-njy maýda Türkiýäniň “Botos” firmasy bilen bu proýekt arkaly gaz ibermegiň şertleri babatdaky arbitraž dawasyny soňlamak ylalaşygyna gelendigini aýtdy.Eger başa barsa, bu taslama rus gazynyň Ukrainadan sowa ýewropa ýurtlaryna getirilmegine ýol açar.

“Gazprom” “Botas” bilen dawanyň sudsuz çözüljekdigini aýtdy, emma munuň jikme-jikliklerini açmady.

Bu ylalaşyga gelinmezden öň Ankara “Gazproma” geçirijiniň gury ýer böleklerini gurup başlamak rugsadyny bermän, işi gijikdirip gelýärdi.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 26-njy maýda iki ýurduň Ankaranyň Moskwadan satyn alýan tebigy gazy babatda 10.25 prosent eglişik bilen, yzyna güýji bolan ylalaşyga gelendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG