Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýat ulaglary üç gün Aşgabada goýberilmez


Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmenistanyň welaýatlarynda, hususan-da, Balkanda we Daşoguzda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri Aşgabada kireý edýän hususy taksi eýelerine we hususy eýeçilikdäki awtoulag sürüjilerine iýun aýynyň 2-sinden 4-ne çenli aralykda paýtagta sapar etmezligi tabşyrýarlar.

Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere ýakyndan syn edýän Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň balkanly we daşoguzly ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri özleriniň dilden berýän duýduryşlarynda munuň sebäplerini 3-nji iýunda paýtagtda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli medeni çäreleriň geçiriljekdigi we ulag gatnawynyň çäklendiriljekdigi bilen düşündirýärler.

“Geçen hepdäniň altynjy gününden başlap, welaýatlaryň köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän gullugynyň işgärleri öz welaýatlaryndaky awtoduralgalara baryp, şol ýerden Aşgabada gaýdýan hususy eýeçilikdäki taksileriň eýeleriniň ählisine dilden duýduryş beripdirler. Iýun aýynyň 2-3-4-ne Aşgabat tarapa ýola düşmäň, sebäbi 3-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek halkara welosiped ýaryşyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň özünde-de hereketler juda çäklendiriljekdigi hakynda duýduryş beripdirler" diýip, Bugaýew welaýatlardan Aşgabada kireý edýän hususy taksi eýeleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol şular ýaly duýduryşyň paýtagta öz möhümini bitirmek üçin sapar etjek ýa-da dogan-garyndaşynyňka myhmançylyga barjak hususy eýeçilikdäki awtoulag eýelerine berilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, polisiýa işgärleri agzalýan günlerde welaýatlardan Aşgabada sapar etjek ulag eýeleriniň paýtagta ýetmänkä, köçe-ýol hereketi gullugynyň gözegçilik postunda saklanyp, yzyna ugradyljakdygyny hem duýdurypdyrlar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän çäklendirmeler barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden ýa-da Balkan we Daşoguz welaýat polisiýa departamentlerinden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýöne belläp geçsek, welaýatlardan paýtagta sapar etjek awtoulag eýelerinden edilýän bu talap, anna güni Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 3-nji iýunda Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli medeni çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu aralykda, Azatlygyň paýtagtdaky ýene bir habarçysy indi birnäçe gün bäri paýtagtyň Bitarap Türkmenistan we Garasyzlyk şaýolulary ýaly käbir uly köçeleriniň transport gatnawy üçin bölekleýin ýapylandygyny aýdyp, bu ýerde abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini habar berdi.

“Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleri köçeleriň ugrundaky yşyklandyryş çyralaryny elleri bilen ak reňke boýap, altyn reňkdäki boýag bilen nagyşlary çekip geçdiler. Bularyň ählisi 3-nji iýunda geçiriljek welosiped ýaryşlaryna görülýän taýýarlyklar bile baglanyşykly. Awtobuslar öz gatnaw marşrutlaryny ýerine ýetirip bilenok. Adamlar gaharly we aladaly” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran habarçymyz aýtdy.

Aşgabatda şu hepdäniň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän welosiped çärelerine taýýarlyk görlüp, şäheri mundan 10 gün çemesi öň gelen siliň netijelerinden arassalamak we abadanlaşdyrmak işleri dowam edýän mahaly, 27-nji maýda öýlän wagty paýtagtda ýene-de güýçli ýagyş ýagdy.

“Güýçli ýagyn geçen gezekdäki ýaly şäheriň awtoulag gatnawlaryna ýaramaz täsir ýetirdi. Esasan hem, Parahat-7 etrapçasyna alyp gelýän ‘10 ýyl abadançylyk’, Ýunus Emre köçeleriniň gyralaryndan akan palçyklar asfalt ýoly palçykdan dolduryp, awtoulaglaryň duralgalara gelmeginde, ýolagçylaryň awtobuslara münmeginde uly bökdençlikleri döretdi” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz Soltan Açylowa aýtdy.

Şeýle-de, ol şu gün, ýagny 28-nji maýda irden şähere aýlananda, Bitarap Türkmenistan we “10 ýyl abadançylyk” köçeleriniň çatrygynyň ýapylandygyny we ýurduň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleriniň gürrüňi edilýän ýerlerde hem-de Parahat-7 etrapçasynda köçeleri palçykdan arassalaýandygyny görendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG