Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Eýran bilen söwdasyny dowam etdirjegini aýdýar


Hindistanyň daşary işler ministri Suşima Swaraj (s) we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif (ç), Nýu Deli, 28-nji maý, 2018.
Hindistanyň daşary işler ministri Suşima Swaraj (s) we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif (ç), Nýu Deli, 28-nji maý, 2018.

Hindistan ABŞ-nyň Eýrana we Wenesuela garşy ýaňy-ýakynda yglan eden sanksiýalarynyň bozulmagy sebäpli bolup biljek jerimelere garamazdan, bu iki ýurt bilen söwda etmegini dowam etdirer diýip, Hindistanyň daşary işler ministri Suşima Swaraj aýtdy.

Hindistan Eýranyň nebiti eksport edýän esasy ýurdudyr.

28-nji maýda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Swaraja ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyndan çekilmek we sanksiýalary dikeltmek boýunça hereketi barada berlen soraga ol Hindistanyň syýasatynda aýra başga ýurtlaryň sanksiýalarynyň däl-de, diňe BMG-niň sanksiýalarynyň ykrar edilýändigini belledi.

Hindistanyň daşary işler ministriniň bu çykyşy onuň Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen strategiýa meselelerine bagyşlap, Nýu Delide geçiren duşuşygynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

Hindistan ABŞ-nyň Eýrana garşy ozal girizen sanksiýalarynyň dowamynda-da Tähran bilen söwda gatnaşyklaryny dowam etdiripdi, emma 2006-njy ýylda BMG-niň sanksiýa girizmeginden soň eýran nebitini satyn almakdan el çekmeli bolupdy.

XS
SM
MD
LG