Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan öz içeri işler organlarynyň gününi belleýär


Aşgabat (illýustrasiýa)
Aşgabat (illýustrasiýa)

Türkmenistanda içeri işler organlarynyň güni bellenýär. Türkmenistanyň prezidenti 29-njy maýda döwlet derejesinde bellenýän bu sene sebäpli eden gutlagly ýüzlenmesinde içeri işler organlaryň işgärleriniň tertip-düzgüni saklamak we jemgyýetçilik durnuklylygyny berjaý etmek arkaly ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we ruhy durmuşyndaky üstünlikli özgerişliklerine we onuň “dünýäniň ýokary derejede ösen döwletleriň hataryna tizlik bilen girmegine” agramly goşant goşýandygyny belledi.

TDH döwlet habar agentliginiň çap eden resmi maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler organlarynyň işgärleriniň üstünlikli işlemegi we dynç almagy üçin iň amatly şertleriň berjaý edilýändigini olar üçin ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlaryň gurulýandygy aýdyp, bu işiň mundan beýläk-de dowam etdiriljegini belläpdir.

Türkmenistanyň içeri işler organlarynyň professional güni ilkinji gezek döwlet derejesinde 2008-nji ýylda bellenipdi.

XS
SM
MD
LG