Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml žurnalist Babçenkonyň Kiýewde öldürilmegine dahyllydygyny ret edýär


Arkadiý Babçenko
Arkadiý Babçenko

Kiýew polisiýasy Arkadiý Babçenkonyň tüpeňlenip öldürilendigini aýdýar, Ukraninanyň premýer-ministri bu ganhorlukda Moskwany günäledi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň Kiýewde öldürilen rus žurnalistiniň ölüminde Moskwany aýyplamagyny ret etdi we muny Orsýete garşy kampaniýanyň bir bölegi diýip atlandyrdy diýip, TASS habar berdi.

Arkadiý Babçenko, öz sözleri bilen aýdylanda, “syýasy süýkenmelerden” gutulmak üçin ýurdundan gaçypdy.

Babçenko 29-njy maýda, azyk satyn alyp gelenden soň, özüniň Kiýewdäki kwartirasynyň gapysynda arkasyndan atylyp öldürilene meňzeýär diýip, ukrain häkimiýetleri aýtdylar.

Kärdeşleri 41 ýaşyndaky žurnalistiň pajygaly ölüminiň Orsýetiň Krymy eline geçirip, gündogar Ukrainada turan ýykgynçylykly uruşda separatist jeňçileri goldamagy netijesinde Kiýew bilen Moskwanyň arasynda dörän dartgynlyklary has-da çuňlaşdyrjagyny aýdýarlar.

Kiýew polisiýasynyň başlygy Andriý Krişçenko 29-njy maý güni giçlik telewideniýede berlen düşündirişinde polisiýanyň Babçenko öz işi sebäpli nyşana alnandyr diýip pikir edýändigini aýtdy. “Ilkinji we has görnetin sebäp onuň professional işi” diýip, ol aýtdy.

Premýer-ministr Wolodimir Hroýsman Babçenkonyň ölümi baradaky habardan birnäçe sagat soň öz Facebook sahypasynda şeýle diýdi: “Men Orsýetiň totalitar maşynynyň onuň dogruçyllygyny we prinsipial pozisiýasyny bagyşlap bilmejegine ynanýaryn.”

Emma Orsýetiň Moskwadaky Derňew komiteti Kremliň bu ganhorluga dahylsyzdygyny öňe sürüp, özleriniň Babçenkonyň öldürilmegi boýunça öz jenaýat derňewlerine başlandyklaryny aýtdy.

"Orsýetiň Derňew komiteti rus raýatlarynyň garşysyna edilýän rehimsiz jenaýatlara göz ýummaz” diýip, komitetiň sözçüsi Swetlana Petrenko aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi beýanat çap edip, “ukrain häkimiýetleriniň derhal derňew geçirmekleri üçin ellerinde baryny etmeklerini talap etdi” we Moskwanyň “degişli halkara agentlikleriniň we hökümetden aýry guramalaryň derňew prosesini öz gözegçilikleriniň astyna almagyna umyt bildidýändigini” sözüne goşdy.

'Gorky ony şu ýere getirdi'

Babçenkonyň Kiýewdäki we başga ýerlerdäki kärdeşleri derhal onuň ölüminde rus aňtaw agentlerini günälediler we Babçenkonyň Orsýetden ukrain paýtagtyna gaçmagynyň gorky sebäpli edilen işdigine ünsi çekdiler.

"Gorky ony şu ýere getirdi" diýip, Ýuriý Matsarskiý, Kommersant FM radiosynyň Kiýewde işlän öňki redaktory Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň rus dilindäki “Häzirki zaman” telewideniýesine aýtdy.

Orsýetiň “Nowaýa gazeta” neşirinde uzak wagtlap redaktor bolan Dmitriý Muratow bu ganhorlugyň Orsýetiň gowy tanalan žurnalisti Anna Politkowskaýanyň 2006-njy ýylda Moskwada, öz kwartirasynyň işiginde jezalandyrylyp öldürilen ýaly öldürilişini ýatladandygyny aýtdy.

Babçenko özüniň Kreml tankytçylygy bilen gowy tanalýardy.

'Metbugat azatlygyna hüjüm'

ÝHHG-nyň media gözegçiligi guramasy Babçenkonyň öldürilmegini ýazgardy we ganhoryň derhal jogapkärçilige çekilmegine çagyrdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet hem bu aýylganç jenaýatyň doly derňelmegine we günäkärleriň tapylmagyna çagyrdy.

Babçenko 2016-njy ýylyň dekabrynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna, rus harby uçarynyň Gara deňziň içine ýykylyşy barada pikirlerini feýsbukda çap edeninden soň, rus döwletiniň propaganda maşynynyň “ähli elementleriniň” özüne garşy gönükdirilendigini aýtdy.

Şonda uçaryň bortundaky 92 adamyň ählisi, şol sanda Orssýet goşunlarynyň meşhur horunyň, Siriýadaky rus goşunlarynyň öňünde konsert bermäge barýan Aleksandrow ansamlynyň agzalary heläk boldy.

“Ullakan iş gurnalýar. Olar uçaryň näme sebäpden ýykylandygyny derňemeýärler, oňa derek meni yzarlaýarlar” diýip, Babçenko aýtdy.

XS
SM
MD
LG