Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Logar welaýatynda azyndan üç polisiýa ofiseri öldi


Logar welaýatynyň paýtagtynda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary partlamanyň amala aşyrylan ýerine barýar.

Owganystanyň gündogaryndaky Logar welaýatynda ýerleşýän polisiýa merkezine janyndan geçen bombaçylaryň hüjüm etmegi netijesinde azyndan üç owgan polisiýa ofiseri öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid 30-njy maýda Logar welaýatynyň paýtagty Pol-e Alam şäherine amala aşyrylan hüjüme toparyň jogapkärdigini aýtdy.

Logar welaýat häkiminiň metbugat wekili Halid Safi hüjümde polisiýa merkeziniň komandiriniň, ofiseriniň we welaýatyň köçe-ýol hereketi gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň öldürilendigini mälim etdi.

Bu wakada başga-da 12 adam, şol sanda dört polisiýa ofiseri we parahat ilatdan sekiz adam ýaralandy diýip, Logar welaýat polisiýasynyň başlygy Mohmmad Abdali Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýtdy.

Käbir maglumatlarda hüjümde alty polisiýa ofiseriniň ölendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG