Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda Içeri işler ministrligine edilen hüjüm yzyna serpikdirildi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary. 30-njy maý, 2018 ý.

Owganystanyň Içeri işler ministrligine amala aşyrylan hüjüm yzyna serpikdirildi. Söweşijileriň Kabula eden ençeme hüjüminiň iň soňkusy ýaly bolup görünýän wakada bir polisiýa işgäri we hüjümçileriň ählisi öldi.

Kabulda ýaragly adamlar howpsuzlyk güýçleri bilen ok atyşyga başlamazdan öň, owgan Içeri işler ministrliginiň birinji barlag nokadynda azyndan bir bomba partladyldy diýip, resmiler aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Najib Danişiň 30-njy maýdaky hüjüm başlandan 1 sagat soň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjüm janyndan geçen üç bombaçy we ýedi ýaragly adam tarapyndan amala aşyryldy.

Şeýle-de, ol wakada bir polisiýa ofiseriniň ölendigini we başga-da bäş adamyň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Çaknyşyklar tamamlandy. Howpsuzlyk güýçleri birinji we ikinji barlag nokatlarynyň arasynda hüjümçileriň ählisini öldürdiler” diýip, Kabul polisiýasynyň başlygy Daud Amin aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG