Owgan güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Takhar welaýatynyň etrap merkezleriniň biriniň gözegçiligini gaýtadan öz ellerine geçirdiler. Mundan owal, “Talyban” jeňçileri Daşt-e Kala etrabynyň merkezini eýeläpdiler.
Ýerli resmileriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, “ýedi sagada çeken çaknyşyklardan soň, ‘Talyban’ bu ýerini basyp alypdyr”.
Mundan birnäçe sagatdan soň, owgan güýçleri sebitiň kontrollygyny ýaňadanan öz ellerine geçirdiler.
Resmiler çaknyşyklarda howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan ençeme esgeriň, şeýle-de birnäçe jeňçiniň öldürilendigini habar berdiler.
"Harby borçlulyk we harby gulluk barada" kanuna laýyklykda, 27 ýaş şerti heniz hem öz güýjini goraýar.
Öýsüz itler sebäpli, birnäçe çagalary it ýarýar. Näme üçin şol zatlar barada ýazmaýarsyňyz. Näçe çaga şol itler sebäpli aradan çykdy.