Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi Aşgabat tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maglumat ýaýratdy


Aşgabady gurşap alan çal tozandan soň, köçelerde adamlaryň ýüzüne maska dakýandygyny görse bolýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 29-njy maýda metbugat serişdelerinde, has takygy “Altyn Asyr” elektron gazetinde ýaýradan beýanatynda tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maglumat berdi. Ýöne çap edilen maglumatda soňky birnäçe günüň dowamynda ýurduň käbir künjeklerini gurşap alan çal tozan agzalmady.

“Şemally howada we şemal ýatandan soň howada tozan saklanyp biler. Şol döwür her hili dowamly keselli adamlar öz saglygyna has esewan bolmalydyrlar”, diýlip beýanatda aýdylýar. Şeýle-de onuň mazmunynda tozanly howada adamlara öýden çykmazlyk, gerekli mukdarda arassa suw içmek, gan basyşa gözegçilik etmek, dem alyş ýollary näsag adamlara medisina nikabyny geýmek maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti agzalýan howa hadysasy, Aralyň duzuny getirendigi aýdylýan şemalyň tizligi, ýa-da raýatlar üçin zerur bolan beýleki maglumatlar barada ne wakadan öň ne-de soň maglumat berdi.

Mälim bolşy ýaly, maýyň 26-dan 27-ne geçilen gije Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň tas ähli etraplaryny duzly tozan gurşady. Bu harasatyň agzalýan alamatlary Lebap welaýatynyň Darganata we Dänew etraplarynda-da duýuldy. Synçylar Aralyň duzunyň göterilip Merkezi Aziýada şeýle howa hadysalaryna ýol açandygyny aýdýarlar.

Şol sanda, maýyň 27-den 28-ne geçilen gije türkmen paýtagtyny hem çal tozan gaplady. Bu barada aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew maglumat berdi.

Ol Azatlyk Radiosyna 31-nji maýda telefon arkaly beren gürrüňinde üç gün mundan ozal Aşgabada aralaşan çal tozany adamlaryň ilki ümürdir öýdendigini, ýöne gysga wagtda onuň ümür däl-de çal tozandygynyň mälim bolandygyny gürrüň berdi.

Synçy aýyň 27-ne gije penjireleri açyk galan ýaşaýjylaryň ir säher oýananda öý goşlaryny we mebellerini, 2-3 mm galyňlykda çal tozanyň gaplap alandygyna şaýat bolandyklaryny olaryň özlerine salgylanyp, gürrüň berdi.

“Aýyň 29-y güni gözýetim 350-400 metr bolan bolsa, 30-y güni gözýetimiň giňligi bolup bilse 600 metre geldi. Ondan aňyrsy bolsa çal duman görnenok. Edil şu gün, gözýetim bolup bilse 700-800 metr, ondan aňyrsy görnenok. Aşgabady çal duman basyp dur” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.

Ol söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtyny gurşap alan çal tozanyň ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna täsir edendigini gürrüň berdi. Şol bir wagtyň özünde synçy adamlaryň köpçülikleýin media we metbugat serişdelerinde agzalýan howa hadysasy barada alymlaryň we lukmanlaryň çykyşlaryna garaşýandygyny, ýöne hiç bir platformada bu hakda hiç hili maglumatyň berilmeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Eýýäm aýyň 28-den bäri adamlar özleriniň çagalaryny we agtyk-çowluklaryny mümkingadar, aňrujy ýagdaýy bolsa, çagalar baglaryna iberenoklar. Sebäbi çagajyklar şu howadan dem alsalar, munuň yzynyň gowulyk bilen gutarmajakdygyny iň bolmanda olaryň dem alyş ýollaryna zyýanyň ýetjekdigini adamlar aňýarlar, şonuň üçin iberenoklar. Onuň daşyndan, şäher ilatynyň belli bir bölegi ir-ertir şäheriň çetindäki, ýa-da şäheriň içindäki seýilgählerde 1-2 sagat gezelenç edýärdiler, olaryň käbiri ylgaýardy, şoňa-da çykmasyny bes etdiler. Onuň daşyndan gijelerine her kim agtyk-çowlugyny alyp, ýa-da ýaşuly adamlar özüniň deň-duşy bilen şäher seýilgählerine gürrüňleşmäge çykýardylar. Indi, dört gün bäri ol ýagdaýlaram ýok” diýip, paýtagtly synçy Bugaýew belledi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tozanly howa barada 29-njy maýda ýaýradan maglumatynda “ýokary gan basyşly adamlar, öýken keselliler, dürli allergiýa dertli adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolup, olaryň maslahatyna doly eýermelidirler” diýilýär. Resmi beýanatda agzalýan howa hadysasy baradaky beýleki maglumatlar, şol sanda duzly tupan we çal duman agzalmaýar.

Azatlygyň habarçylary tozanly howada Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň maska, ýagny nikap geýýändigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG