Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Babçenkonyň “ölümi” bilen baglylykda aýyplanýan tussag edildi


Boris Herman
Boris Herman

Ukrainada žurnalist Arkadiý Babçenkonyň janyna kast etmek synanyşygyny gurnamakda aýyplanýan, Boris Herman, tussag edildi. Bu barada Kiýewiň sudy karar çykardy.

Herman Babçenkony öldürjek ganhora 40 müň dollar wada bermekde aýyplanýar.

Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugy, ýagny SBU, Babçenkonyň ölümini sahnalaşdyryp, bu hüjümiň öňüni alandygyny aýdýar.

Bu aralykda, Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lutsenko Babçenkony öldürmäge hakyna tutulan adamyň şahsyýetini aýan etdi. Alekseý Tsymbalýuk mundan owal Ukrainanyň gündogardaky konfliktde hem söweşipdir.

Lutsenko Babçenkony öldürmäge hakyna tutulan adamyň derňew bilen hyzmatdaşlyk edendigini, netijede onuň bu iş boýunça şaýat hökmünde geçjekdigini hem mälim etdi.

XS
SM
MD
LG