Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik yslam lideri boks “haram” diýýär


Belli täjik boks tälimçisi Nosir Azimow öz ýurdunda bir dini wekiliniň bu görnüşde çykyş etmegine ilkinji gezek duş gelýändigini aýtdy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Belli täjik boks tälimçisi Nosir Azimow öz ýurdunda bir dini wekiliniň bu görnüşde çykyş etmegine ilkinji gezek duş gelýändigini aýtdy. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Täjigistanyň ýokary derejeli bir yslam wekili boksy we “düzgünsiz” diýip häsiýetlendiren uruş tärlerini “haram”, ýagny yslama görä gadagan diýip, yglan etdi.

Täjigistanyň Ulema geňeşiniň başlygy Saýidmukarram Abdulkodirzada Duşenbede juma namazynyň dowamynda okan hutbasynda bu sport görnüşleriniň adamyň saglygyna şikes ýetirýändigi sebäpli, gadagandygyny öňe sürdi.

“Esasan hem boks we düzgünsiz söweş tärleri, dini nukdaýnazardan, haramdyr. Olar adamy şikesläp hem bilýärler” diýip, öz wezipesine hökümet tarapyndan bellenilen Abdulkodirzada belledi.

“Pul üçin edilýän islendik oýunlar we başa-başa göreşler haramdyr. Olaryň ne beýnä, ne-de bedene peýdasy bar. Bu diňe wagtyňy bihuş ulanmakdyr” diýip, ol sözüne goşdy.

Belli täjik boks tälimçisi Nosir Azimow öz ýurdunda bir dini wekiliniň bu görnüşde çykyş etmegine ilkinji gezek duş gelýändigini aýtdy.

2012-nji ýyldaky Olimpiadada boks boýunça bürünç medaly alan Mawzua Çoriýewanyň tälimçisi Azimow, ähli musulman döwletlerinde boksuň resmi taýdan ykrar edilendigini we yslamyň kadalaryna duwlanyp, gadagan edilmändigini hem belledi.

XS
SM
MD
LG