Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UNICEF: Owgan çagalarynyň ýarysyna golaýy mekdepden daşarda galýar


Kabuldaky hususy mekdepleriň birinde okaýan çagalar. 24-nji mart, 2018

Owganystandaky çagalaryň tas 3.7 milliony, dowam edýän konflikt, garyplyk, gyzlara garşy ulanylýan kemsitme zerarly, mekbebe gatnap bilmeýär diýip, BMG-niň çagalar gaznasy (UNICEF) aýdýar.

Bu sanlar, mekdepden daşardaky çagalar baradaky Global inisiatiwanyň çäginde, 2-nji iýunça çap edilen hasabatda getirilýär we ýedi ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky owgan çagalarynyň tas ýarysynyň mekdepde sapak almak mümkinçiliginden mahrumdygyny görkezýär.

Şeýle-de bu sanlar, geçirilen barlaglaryň tassyklamagyna görä, mekdepden daşarda galýan çagalaryň möçberiniň 2002-nji ýyldan bäri ilkinji gezek köpelendigini görkezýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, gyzlaryň erjellik bilen kemsidilmegi mekdebe gatnaýan çagalaryň az bolmagyndaky esasy faktorlaryň biri bolup durýar.

Okuwdan mahrum bolýan çaglaryň 60 prosentini gyzlar düzýär. Kandahar, Helmand, Wardak, Paktika, Zabul, Oruzgan welaýatlaryna gyzlaryň 85 prosente golaýy mekdebe gatnamaýar.

XS
SM
MD
LG