Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bütindünýä welosiped gününi belledi


Aşgabat. Ýadan welosipedçi awtobusa mündi. 3-nji iýun, 2018.

Türkmenistanda 3-nji iýunda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň metbugatda çap edilen ýüzlenmesinde bu çäreleriň “Türkmenistany sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmünde dünýä tanatjakdygy” aýdylýar.

Emma ýerli ýaşaýjylar paýtagtda ýygjamlaşan köpçülik çäreleri sebäpli köçe hereketiniň ýygy-ýygydan baglanmagyndan nägile bolýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowanyň şu gün beren maglumatyna görä, edara-kärhanlaryň işgärleri şu gün ýörişe gatnaşmak üçin ir sagat 4-de öz bellenen ýerlerine geldiler.

“Sagat 11-lerde howa gyzdy we köçede welosiped ýörişine gatnaşyp ýadan adamlaryň awtobuslara tigirleri bilen mündürilmegini sorap duranlaryny görse bolýardy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Adat bolşy ýaly, bu çärä has öňünden taýýarlyk görlüp, şäheriň bir topar köçesi has öňünden baglandy diýip, Açylowa gürrüň berdi.

Şeýle-de habarçy bu gün şäheriň köçelerinden diňe jemgyýetçilik transportynyň gatnandygyny, welosipedlilerden başgalaryň öz ulaglaryny ulanyp bilmändiklerini habar berdi.

XS
SM
MD
LG